"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Daşoguz şäheri, 2024-nji ýylyň 5-nji iýuny) Eziz watandaşlar!Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Türkmenistanda bitewi halkalaýyn energoulgam döredildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze elektroenergetika desgalarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy 5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bu möhüm wakasy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde wajyp ähmiýete eýe bolan ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ösüş taryhynda nobatdaky sahypany açdy.

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdunda

3-nji iýunda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Baýramçylyk mynasybetli guralýan welosipedli ýörişiň badalga alýan ýeri bolan Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri-de bar.

«Akylly» şäherde asylly işler

30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Ir bilen Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilen Arkadag şäherine geldi we bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň daşky bezeg işlerine, «Saglyk» seýilgähine degişli taslamalar, olarda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekiller, täze şäheriň Akhan we Polatly binalarynyň arasyndaky köçäni abatlamak bilen bagly meýilleşdirilen işler, Aşgabat — Gökdepe ýoluny aýlanyp geçmek boýunça teklip edilýän ýer bölekleriniň çyzgylary, ýol-ulag düzümine degişli binalaryň we desgalaryň bezeg aýratynlyklary, Arkadag şäherinde gurulýan muzeýiň meýdançalara bölüniş çyzgylary, lukmançylyk klasteriniň meýdançalarynyň ýerleşiş çyzgylary

Kuwwatly elektroenergetika desgalary

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň taslamasynyň çäginde «Balkan — Daşoguz» ugry boýunça her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan täze asma elektrik geçirijisi we beketler açylyp ulanmaga berildi. Jemi uzynlygy 572 kilometr bolan «Balkan — Daşoguz» ugry boýunça elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işleriň Garaşsyzlyk ýyllarynda uly tejribe toplan türkmen gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek gerek.

Täze kitabyň tarypy

Duşenbe güni Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çap edilen «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boldy. Dabaraly çärede sungat ussatlarynyň çykyş etmeginde ýerine ýetirilen aýdym-sazlara-da giň orun berildi. Soňra «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyşy boýunça çykyşlar diňlenildi. Onda, hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen dana şahyrymyzyň abraýynyň diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda hem mertebelenýändigi nygtaldy. Täze kitap özboluşly bezeg aýratynlygy, umman ýaly baý mazmunly goşgulary bilen türkmen halkyna gymmatly serpaý boldy. Şonuň üçin hem dabara gatnaşanlar şu zatlaryň sakasynda duran Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdylar.

«Milli mirasym — halym»

Düýn şeýle at bilen Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol Milli Liderimiziň Arkadag şäherine amala aşyran iş sapary mynasybetli guraldy. Oňa halyçylar we bu şäherde zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyran nobatdaky iş saparynda şäheriň ýaşaýjylarynyň halyçylyk kärhanasyny gurmak baradaky ýüztutmalarynyň oňyn başlangyçdygyny, hormatly Prezidentimiziň ony makullan ýagdaýynda bu şäherde gurulmagynyň maksadalaýykdygyny aýtdy. Aýdym-saza beslenen maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyldy.

Welosipedli ýöriş geçirildi

Ýurdumyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýöriş geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şol gün irden «akylly» şäheriň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň we halk köpçüliginiň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş geçirildi. Ir bilen «Akhan» binasynyň ýanynda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Soňra şol ýerden badalga alan welosipedli ýöriş kerweni Akhan şaýolunyň ugry bilen şäher häkimliginiň ýanyndaky pellehana çenli dowam etdi. Welosipedli ýöriş oňa gatnaşanlarda uly ruhubelentlik döretdi.

Ýaş zehinleriň döredijiligi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň çäklerinde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen bu döredijilik bäsleşiginiň sylaglanyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Munuň özi röwşen geljegimiziň eýeleri baradaky aladalaryň döwletimizde ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýdyň görkezýär.

Söz — ýeňijilerden

Ogulşat AHALLYÝEWA,Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy: — Men surat çekmegi gowy görýärin. Bäsleşikde «Milli baýramçylyklar» atly çeken suratym bilen 1-nji orna mynasyp boldum. Bu suratymy iki dürli, gara galamda we akwarelde çekdim. Men ýene-de gowy suratlary çekip, bäsleşiklere gatnaşaryn. Şu bäsleşikde ýeňiji bolanym üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn.

Döwletlilik dabarasy

Her ýylyň 1-nji iýunynda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onda bu ýerde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyz boýunça geçirilýän çäreler Türkmenistanyň adam hukuklaryny, hususan-da, ýagty geljegimiz bolan çagalaryň bähbitlerini goramakda, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşap almakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýändigini görkezýär.

Türkmenistan — sportuň halkara merkezi

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Arkadagly nesilleriň alkyşy egsilmez

Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde hem dabara geçirildi. Baýramçylyk mynasybetli bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alýan çagalara hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Şadyýan tomsuň şatlykly günleri

Geçen dynç güni Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde çagalary gojaman Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy geçirildi. Ýaş nesillerimiziň sagdyn we milli ruhda terbiýelenmegi, medeniýetli dynç almaklary üçin guralýan bu dabara her ýylda geçirilýär. Şatlyk-şowhuna beslenen bu çärede joşgunly aýdymlar ýaňlandy hem-de çagalar toparynyň şadyýan sahna çykyşlary görkezildi. Soňra ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň mekdep okuwçylary bezelen awtobuslara münüp, Gökderä tarap ugradylar.

Gadymy toprakda halyçylyk sungaty

Ýakynda Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyranda geçen asyryň 20-nji ýyllarynda döredilen Gökdepe çeper haly fabrigi barada aýdyp, onuň öz döwründe ýurdumyz boýunça öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolandygyny nygtady. 1927-nji ýylda rus alymy S.Dudin: «Türkmenleriň we parslaryň haly önümlerini taýýarlamakda ulanýan usullarynyň, dokma stanogynyň gurnalyşynyň, haly dokamakda materiallary ulanmagyň tärleriniň, reňkleriň utgaşyklylygynyň, şeýle-de halylaryň çeperçiliginiň biri-birinden düýpgöter tapawutlanmagy türkmenleriň halyçylyk senedi bilen has gadymy döwürlerden bäri meşgullanyp gelýändigini görkezýär» diýip ýazypdyr.

Ekerançylyk ylmy esasda ösdürilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda netijeli ylmy işleri alyp barmak üçin mümkinçilikler barha artýar. Ýurdumyzyň oba hojalygynda pudaklaýyn ylym bilen meşgullanýan ylmy-barlag institutlarynda Watanymyz üçin, ýurdumyz üçin wajyp bolan ugurlaryň üstünde işler alnyp barylýar. Biz muny türkmen ylmyny dünýä ylmy bilen utgaşykly ösdürmäge döredilen mümkinçilik hasaplaýarys.

Jemgyýetçilik guramalarynyň binasy

Şähergurluşyk konsepsiýasyna doly laýyk gelýän sanly tehnologiýalar ornaşdyrylan Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binasy «akylly» şäherde, ilki bilen, ünsi özüne çekýän ajaýyp ymaratlaryň biridir. Onuň sag ganatynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň, çep ganatynda bolsa Medeniýet toplumynyň binalary ýerleşip, bu binalar daşky gurluş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Owadan binanyň edil gabadynda «Arkadag Binasynyň» bolmagy oňa has-da ýaraşyk berýär. Jemgyýetçilik toplumynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik işlerini geçirýän Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetleri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi, Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Arkadag şäheriniň bölümi bar. Bu ýerdäki guramalardyr partiýalar, geňeşler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň

Akyldar şahyryň keşbi

Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi ýaş suratkeşlerimiz üçin egsilmez ylham çeşmesidir. Onuň döredijiligi bilen baglanyşykly döredilen täze taslamalar nakgaşlaryň aňynyň milli düşünjeler bilen baýlaşmagyna, köpräk hyýaly pikirlenmeklerine, sungat ýolunyň ilkinji ädimlerinde özlerine bolan ynamlaryny güýçlendirmäge ýardam edýär. Elbetde, geçen asyryň ortalarynda (1947-nji ýylda) Magtymguly Pyragynyň keşbini döretmek boýunça geçirilen bäsleşikde Aýhan Hajyýewiň eseri ýeňiji bolupdy we bu portret kanoniki bolup galdy.

Gün urmadan ägä boluň!

Gün urma — bu aşa yssy günlerde Günüň göni şöhleleriniň adamyň kellesine uzak wagtlap eden täsiri netijesinde kelle beýnä zeper ýetmegi bilen ýüze çykýan ýagdaýdyr. Bu ýagdaý daşarda açyk meýdanda saýawansyz we başgapsyz uzak wagtlap gezilende bolup biler. Kähalatlarda gyzgyn howada beden aşa suwuklygy bedenden çykarmak arkaly derlemek bilen goranýar. Ýöne derlemek bilen gerekli maddalar we suwuklyk hem bedenden çykýar. Bu bolsa, öz gezeginde, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagyna getirýär. Şol sebäpden pasla görä, açyk reňkli nah matalardan tikilen egin-eşikleri we başgaplary geýmek we ýanyň bilen arassa agyz suwuny götermeklik maslahat berilýär.

Abuna — 2024

Hormatly okyjylar! 2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Arkadag» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär.