"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Uzak ýaşa, Arkadag!

Gahryman Arkadagymyzyň eşretli eýýamynyň ömrümize dolmagynyň, ykballara gabat gelmeginiň, bagta berilmeginiň, saýa salmagynyň özi bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Berlen ömrüň gymmatyny duýmak bar, oňa uýmak bar. Apalamak, arzylamak bar. Subutyny türkmeniň şu günki ýeten beýik derejesiniň özi sözsüz düşündirýär. Şu nurana günleriň sanalgy sallaryň dowamynda gurlan erteki mysaly Arkadag şäheriniň bir ýyllygy bilen utgaşmagy aýratyn täsin.

Arkadag şäherinde bagtyýar, döredijilikli durmuş joş alýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOWYŇ «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan: — Kakam her gezek döwlet, halk bilen bagly ýerine ýetirilmeli işleri düşündirende: «Döwletiň, halkyň ykbalyna dahylly zatlarda ownuk mesele diýen zat bolmaýar. Her bir işe juda jogapkärçilikli çemeleşmelidir. Halkyň bähbidine bolan her bir mesele möhüm meseledir» diýip, pugta aňymyza guýdy.

«Ojaklaryň berki halal duzdadyr...»

Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän häzirki döwründe oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmek we özgertmek, iň bir girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça gazanylan üstünlikleriň gözbaşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy esasly özgertmeleridir başlangyçlary durandyr. Milli ykdysady nusgamyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi ileri tutýan Gahryman Arkadagymyz: «Biziň oba hojalygyndaky esasy maksadymyz ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakdan, ýerden we suwdan netijeli peýdalanmakdan, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyryp, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmakdan, eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmakdan ybaratdyr» diýip belleýär.

Hyzmatdaşlyk gülleýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri, Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain, Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler, şeýle-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» hem-de «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. 25-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

Hormatly dabara gatnaşyjуlar! Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Arkadagyň ýoly pähim-paýhasdyr

Milli Liderimiziň başda durmagynda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, öwrenmek, dünýä ýaýmak babatda uçursyz köp işler amala aşyryldy. Ölmez-ýitmez şygyrlary bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Gündogaryň beýik danasynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň üstümizdäki ýylyň bütin dowamynda bellenilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen dabaralanýar. Bu baýramyň halkara derejesinde bellenilmegi hem şanly senä nähili ähmiýet berilýändigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlary bilen Magtymguly Pyragynyň birnäçe döwletlerde heýkelleri oturdyldy. Olaryň hatarynda şahyryň 2008-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda açylan ilkinji heýkelini, 2009-njy ýylda Astrahandaky, 2012-nji ýylda Ankara şäherindäki heýkellerini, 2017-nji ýylda Daşkent şäherinde açylan barelýef şekilli ýadygärligini agzamak bolar. 2014-nji ýyly bolsa, şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi we «Magtymguly Pyragy» medaly döredildi. Şol ýyldan bäri hem her ýyla mynasyp at goýmak däbe öwrüldi. Ýene-de şol ýyl Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eseriniň okyjylara ýetirilmegini agzamak ýerlikli bolar. Akyldaryň adyny göterýän medeni ýadygärlikler toplumy we adybir muzeýi bolsa, 2015-nji ýylda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda açyldy.

«Ýaşaýşyň ýakymy aýdym-sazdadyr...»

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüji pähim-parasady bilen bu günki gün türkmen medeniýetini ösdürmek, ony dünýä derejesinde belende götermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Çünki medeniýete aýratyn ähmiýet bermek, medeni baýlyklarymyzy ösdürmek işi türkmen topragyna gadymdan mahsus bolmak bilen, ol şu günki nesillere ata-babalarymyzdan galan ajaýyp ýol-ýörelgeleriň biridir. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň iýunynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi. Kararda bellenilişi ýaly-da, şu ýylyň 22-nji iýunynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda berk binýatly saglygy goraýyş ulgamy döredildi we bu ugurda buýsançly öňegidişlikler gazanylýar. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap saglyk maksatly desgalaryň birnäçesi halkymyza ulanmaga berildi. Şol sanda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bina bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda açylan saglygy goraýyş desgalarynyň ençemesi ilata hyzmat edýär. Olaryň mysalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirligi, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, Saglyk öýi, «Tiz kömek» merkezi, Onkologiýa merkezi, Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasy, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasy, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi halkymyzyň hyzmatyna berildi.

Bedew batly, Arkadagly Watanym

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Ýörände seýkin basyp, çapanda ýerläp uçýan bedewlerimiz toý-baýramlarymyzyň bezegi, il-günümiziň köňül ganaty, milli buýsanjymyzdyr» diýip belleýär. Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň hut özi ýurdumyzda atşynaslaryň netijeli işlemekleri, atçylyga degişli ylmy işleriň alnyp barylmagy, naýbaşy ahalteke atlarynyň baş sanynyň yzygiderli artdyrylmagy, nesil ugrunyň netijeli dowam etdirilmegi, arassa ganlylygynyň goralyp saklanylmagy, milli atçylyk däpleriniň ösdürilmegi, şeýle hem milli baýlygymyzyň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmak üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi ugrunda bimöçber aladalary edýär. Ýurdumyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda atçylyk sport toplumlary, okuw-ylmy merkezleri, athanalar gurlup ulanmaga berilýär. Arkadag şäherinde atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, döwrebap athanalaryň döredilmegi aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. «Akylly» şähere nobatdaky iş saparlarynyň birinde bolsa, Gahryman Arkadagymyz milli atşynaslyk däplerine ygrarly ýaş nesli kemala getirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat g

Türkmenistanyň Prezidenti “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

27-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi. Işewür myhmansöýerlik hem-de möhüm meseleleri we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny ýetirdi. Myhman Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän duşuşyga örän şatdygyny aýtdy. Bu şäher Garaşsyz Türkmenistanyň rowaçlygynyň hem-de kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

27-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy. Işewürler duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň rowaçlygynyň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

27-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, şanly wakanyň — okgunly ösýän Türkmenistanyň özboluşly nyşanyna öwrülen “akylly” şäheriň açylmagynyň bir ýyllygynyň baýram edilmeginiň öňüsyrasynda ýurdumyza gelip görmäge örän şatdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministrini kabul etdi

26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýede ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gatnaşyklar bilelikdäki tagallalar arkaly ýyldan-ýyla anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

26-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkiýede daşary syýasatyny oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrýan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Hormatly dabara gatnaşyjуlar!Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri! Biz şu gün Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň döwrebap binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. Bu şatlykly waka Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaralary bilen utgaşyp geldi. Bu merkez geljekde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, dünýä tanatmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Zehin we ruhy joşgun türkmen halkynyň medeni mirasyny dünýä ýaýýan kuwwatly güýçdür

25-nji iýunda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy

24-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň işi bilen tanyşdy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Edermen daýhanlaryň yhlasly zähmeti, döwletimiziň yzygiderli goldawy netijesinde, şu ýyl Diýarymyzda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Munuň özi obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasynyň aýdyň netijesidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

22-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.

Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!Eziz watandaşlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «Siziň işiňiz hormatly we jogapkärli işdir. Şol işiň netijeleri dünýäniň tehnologik ösüşine, bütin adamzadyň durmuşynyň gowulanmagyna saldamly goşant goşýar» diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.