«Ýaşaýşyň ýakymy aýdym-sazdadyr...»

29 Iýun 2024
264

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüji pähim-parasady bilen bu günki gün türkmen medeniýetini ösdürmek, ony dünýä derejesinde belende götermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Çünki medeniýete aýratyn ähmiýet bermek, medeni baýlyklarymyzy ösdürmek işi türkmen topragyna gadymdan mahsus bolmak bilen, ol şu günki nesillere ata-babalarymyzdan galan ajaýyp ýol-ýörelgeleriň biridir.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň iýunynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi. Kararda bellenilişi ýaly-da, şu ýylyň 22-nji iýunynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy.

«Arkadag»