"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Döwrebap merkez

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda ähli lukmanlara uly gollanma boldy. Munuň özi berkarar ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň, belent tutumlaryň buýsanjymyz bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendigine şaýatlyk edýär. Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak saglygy goraýyş ulgamynyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Diýarymyzda bu ugurda ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde, çagalarda köp duş gelýän keselleri irki döwürde anyklamagyň, bejermegiň täze usullary esaslandyryldy.

Arkadagdan arkaly nesiller

Halylmyrat Kakadurdyýew şu ýyl Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi bolmagy başardy. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyrynda bolsa abraýly orna mynasyp boldy. Bary-ýogy ikinji synp okuwçysyny köpüň içinden parhlandyryp öňe çykaran zat nämekä?! Ýiti zehin. Halylmyradyň üç-dört ýaşlaryndaky aýdan aýdymlarynyň şekilli ýazgysyna tomaşa etmeseň, ikirjiňlenäýmede biçem däl. Öýlerinde raýyna garalýan çagadygyny görseňiz bilersiňiz. Saz gurallary diýjekmi, abzallaşdyrylan otag diýjekmi... Kakasy Çarymyrat bilen ejesi Aýjeren balalarynyň arzuwlarynyň wysala gowuşmagy üçin ellerinden gelenini edýärler. Bu işde has-da Aýjeren janypkeş. Onuň aýdyşyna görä, Akgoňur obasyndaky toýlarda ogluna aýdym aýtdyrmak üçin toýuň ahyrlaryna garaşan gezekleri kän eken. Halylmyradyň aýdym aýdyp bilmedik toýlaryndan kes-kelläm gaýtmajak bolşuna-da köp gezek şaýat bolan. Aýjeren şu zatlary gürrüň berýärkä, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini gaýta-gaýta dile getirýär. Onuňam sebäbi bar. Dogabitdi şikesliräk çaganyň ugruna köpräk seredilegen bolýar. Maşgaladaky iki ogluň kiçisi Halylmyrat şolaryň biri. Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna saglygyny dikeldýänçä, ýaşajyk aýdymçynyň naharyny hem agzyna tutduryp iýdiripdirler. Çemçe,

Ene alkyşy eziz

Güljeren BABAÝEWA,Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat obasynyň ýaşaýjysy: — 10 ýaşyny dolduran körpe oglum Döwranyň çaga serebral ysmaz hassalygy bardy. Ýerli lukmanlarymyza wagtly-wagtyna görkezip durýardyk. Bir gün maşgala lukmanymyz öýümize geldi. Ol oglumyzy Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine ugradylsa gowy boljakdygyny aýtdy. Şondan köp salym geçmänkä, maşgala lukmanymyz jaň edip, tolgundyryjy habar ýetirdi.

Arassa suw — saglygyň sakasy

Ähli pudaklaryň sazlaşykly ösüşinde, ilatyň saglygyny goramakda suw üpjünçiliginiň, arassa agyz suwunyň orny uludyr. Daşky gurşawyň abadançylygy, tämiz howa, arassa suw, ekologiýa taýdan sagdyn iýmit bilen halkymyzyň yzygiderli hem-de bolelin üpjün edilmegi gaýragoýulmasyz meselelerdir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz suw hojalygy pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2010-njy ýylyň 14-nji maýynda Daşoguz şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda öňe süren Türkmenistanyň ähli ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky başlangyçlarydyr tabşyryklarynyň esasynda düzülen ýörite maksatnamada we Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere görä, suw hojalygynda örän köp işler amala aşyryldy.

Sagdyn beden — sagdyn ruh

Ýaş nesillerimizi zyýanly endiklerden goramakda we sagdyn durmuş ýörelgesine gönükdirmekde, olaryň zyýanly endiklerden daşda durup, watansöýüji ýaş nesilleriň kemala gelmegini gazanmakda Arkadag şäherinde ýerleşýän saglygy goraýyş edaralarynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen, her ýylyň 31-nji maýynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we onuň hyzmatdaş döwletleri Temmäkä garşy bütindünýä göreş gününi belläp geçýärler. Maý aýynda her ýylda geçirilýän temmäkä garşy göreşmek boýunça biraýlyga badalga berildi. Biraýlygyň çäklerinde Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti, zyýanly endikleriň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirleri dogrusynda wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar, sport ýaryşlary geçirilýär. Olarda temmäkiniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirýän dürli şygarlar, wideorolikler, suratlar görkezilýär. Geçirilýän biraýlygyň esasy maksady adama çilimiň beden, ruhy, durmuş taýdan ýetirýän zyýanyny düşündirmekden, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz etmekden ybaratdyr.

Ahalteke atçylygynda möhüm möwsüm

Ahalteke atlarynyň juda gadymy taryhy bar. Şeýle-de bolsa, ahalteke atlarymyzy ylmy taýdan öwrenmek işi 1920-nji ýyllarda başlanýar. Ylmy taýdan öwrenmegiň maksady ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny saklamak bolup durýar. Häzirki wagtda bütin dünýäde tohum atlaryň diňe üçüsi — ahalteke, arap we iňlis atlary arassa ganlylygyny saklamak arkaly köpeldilýär. Atçylykda atlaryň tohum arassalygyny saklamak, baş sanyny artdyrmak hem-de ýeterlik mukdarda köp, sagdyn taýlary almak we ösdürip ýetişdirmek esasy meseleleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin her bir ene baýtaldan ýylda bir taý almaga çalşylýar. Baýtalyň gulunlamazyndan has öň aladasy edilmelidir. Şonda ene baýtalyň bogazlygyny ýa-da gysyrlygyny kesgitlemek aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Çünki gysyr baýtallary öz wagtynda ýüze çykarmak ony gaýtadan höwre goýmaga mümkinçilik berýär.

Milli mirasym — mertebäm

Golaýda Arkadag şäherindäki Bagt köşgünde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Dünýä meşhur şanyň türkmen halysy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Bagt köşgüniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda türkmen halysy barada giňden beýan edilýändigi dogrusynda buýsanç bilen aýtdylar.

Uçurymlara ak ýol!

25-nji maýda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň ähli künjeginde umumybilim berýän orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasy hem-de Aşgabat şäheriniň güni giňden bellenildi. Şeýle toý-dabaralar ýurdumyzda ilkinji gezek «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan ajaýyp Arkadag şäherinde hem giň gerim aldy. Ähli toý-baýramlaryny ilkinji gezek belleýän «akylly» şäherde «Soňky jaň» dabarasy Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline ter gül çemenlerini goýmak bilen başlady. Uçurymlar Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýup, baş egip, tagzym etdiler.

Syýahatçy bilen söhbet

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni Batyr Abdyllaýewiň durmuşy bilen tanşanymda, onuň uzak-uzak menzilleri welosipedli, paý-pyýada söken syýahatçydygyny bilip galdym. Söhbetdeşligimiz şondan hem başlandy.

Şäher we baglar

Bezeg baglarynyň şäher binagärçiliginde ähmiýeti örän uly bolup, gök ekinler şäheriň görküni baýlaşdyrmakda, şäheriň tebigatyny, seýilgähleriň we ekin zolaklarynyň arhitekturasyny döretmekde esasy orny eýeleýär. Şäherleriň we beýleki ýaşaýyş jaý toplumlarynyň mikroklimaty bezeg-baglarynyň ýetirýän täsirine baglydyr. Ýylyň dürli möwsümlerinde howanyň temperaturasy, düşýän ygalyň möçberi, topragyň we howanyň çyglylygy, Gün radiasiýasynyň kesgitleýji derejesi, ýel kadasy, howa basyşy — bularyň hemmesi belli bir ýeriň howa şertlerini kesgitleýär. Ösümlikler howanyň arassalanmagyna 20% täsir edip bilýär. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, ösümlikleriň howanyň temperaturasyna güýçli täsir edýändigi tassyklandy. Bagy-bossanly ýer bilen deňeşdireniňde, ýaşaýyş binalarynyň içindäki howanyň temperaturasy 10 — 12 gradusdan ýokarydyr. Tomusda gür saýaly agaçlaryň goýy kölegesi salkyn we ýakymlydyr. Agajyň kölegesinde radiasiýanyň derejesi açyk ýere garanyňda 35 gradus pesdir, gür baglykda bolsa, 40 gradusa ýetýär. Saýaly baglar jaýlaryň diwarlaryny we beton ýollary aşa gyzmakdan gorap saklaýarlar. Uly agaç bir günüň dowamynda 300 litre çenli suwy bugartmaga ukyplydyr. Şonuň netijesinde, baglar salkyn mikroklimatyň döremegine getirýär. Bu häsiýetler, esasan hem, ýasy ýaprakly dub, pawlowniýa, katalpa ýaly agaçlara degişlidir. Belli bolşy ýaly, agaçlar we gyrymsy agaçlar howadak

Abuna — 2024

Hormatly okyjylar! 2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Arkadag» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär.

Ýeňiş — meşhur toparda

25-nji maýda ýurdumyzyň futbol boýunça milli çempionatynyň 18-nji tapgyrynda «Arkadag» futbol topary «Şagadamy» kabul etdi. «Akylly» şäheriň «Arkadag» stadionynda geçen oýunda hasaby açan tarap «Şagadam» boldy. 14-nji minutda Röwşen Begjanowyň goly bilen öňe saýlansalar-da, olara hasaby goramak başartmady.  Arkadaglylaryň jogaby gijikmedi. Olara deňlik getiren goly 20-nji minutda Şanazar Tirkişow geçirdi. Oýnuň 32-nji minutynda Abdy Bäşimowyň goly bilen «Arkadag» topary 2:1 hasabynda öňe geçdi. Duşuşygyň birinji ýarymy şu hasap bilen tamamlandy. Duşuşykdaky dördünji goly oýnuň ahyrynda «Arkadag» futbol toparyndan Begenç Akmämmedow öz adyna ýazdyrdy.

Baýramçylyk konserti geçirildi

«Soňky jaň» dabarasy hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň güni mynasybetli sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada baýramçylyk konserti geçirildi. Bu baýramçylyk konsertiniň başynda «akylly» şäheriň umumybilim berýän orta mekdeplerinde tapawutlanan uçurymlara hem-de ýaşlara döwrebap derejede bilim berip, öz işlerinde ussatlyk görkezen mugallymlara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Uçurymlar «akylly» şähere gezelenç etdiler

Ýurdumyzda uludan bellenilýän «Soňky jaň» dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Arkadag şäheriniň umumybilim berýän mekdepleriniň 2023-2024-nji ýylynyň uçurymlary «akylly» şäheriň iň gözel ýerlerine gezelenç etdiler. Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp Arkadag şäherinde bina edilen «Akhan» binasyndan başlanan gezelenç Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi bilen tanyşmak arkaly dowam etdi. Soňra uçurymlar Arkadag şäheriniň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasyna, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine hem-de Taryhy-medeni seýilgähine aýlanyp gördüler.

Uçurymlara ak ýol!

25-nji maýda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň ähli künjünde umumybilim berýän orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasy hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni giňden bellenildi. Şeýle toý-dabaralar ýurdumyzda ilkinji gezek «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan ajaýyp Arkadag şäherinde hem giň gerim aldy. Ähli toý-baýramlaryny ilkinji gezek belleýän «akylly» şäherde «Soňky jaň» dabarasy Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline ter gül çemenlerini goýmak bilen başlandy. Ýürekleri joşgunly uçurymlar Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýup, baş egip, tagzym etdiler.

Bilim ojaklarynda «Soňky jaň» dabarasy

Şu gün gözel Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherindäki umumybilim berýän orta mekdeplerinde hem «Soňky jaň» dabarasy şatlyk-şowhun bilen bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly dabaralara beslenip bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, paýtagtymyzy we eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerini ösdürmekde alyp barýan döwletli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Saglygyň gadryny bilgil...

Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp baryň, zyýanly endiklerden daşda duruň we bu babatda ösüp gelýän ýaş nesillere we ýetginjeklere görelde boluň, günüň dowamynda kompýuterlerde, smartfonlarda we planşetlerde belli bir az wagtlyk meşgullanyň.Işjeň hereketde bolup, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň.Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kadaly we sagdyn iýmitleniň. Witaminlere baý bolan önümleri kabul ediň, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň, pasla görä geýniň.Antibiotik derman serişdelerini özbaşdak ulanmakdan saklanyň, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda alyň.Lukman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içiň.Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Bagtyýarlyk” agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 22-nji maýy) Hormatly adamlar!Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Halkymyzyň rowaçlygy — Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasatynyň baş maksady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda täze agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy Aşgabat, 22-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.