Arassa suw — saglygyň sakasy

30 Maý 2024
179

Ähli pudaklaryň sazlaşykly ösüşinde, ilatyň saglygyny goramakda suw üpjünçiliginiň, arassa agyz suwunyň orny uludyr.

Daşky gurşawyň abadançylygy, tämiz howa, arassa suw, ekologiýa taýdan sagdyn iýmit bilen halkymyzyň yzygiderli hem-de bolelin üpjün edilmegi gaýragoýulmasyz meselelerdir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz suw hojalygy pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2010-njy ýylyň 14-nji maýynda Daşoguz şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda öňe süren Türkmenistanyň ähli ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky başlangyçlarydyr tabşyryklarynyň esasynda düzülen ýörite maksatnamada we Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere görä, suw hojalygynda örän köp işler amala aşyryldy.

Italmaz SAPARLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidrotehniki desgalar kafedrasynyň müdiri, professor.