"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Akylly» şäheriň döwrebap binasy

«Akylly» şäher taslamasyny özünde jemleýän Arkadag şäheriniň Adalat müdirliginde ýurdumyzda milli kanunçylygy kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Binada Arkadag şäheriniň Adalat müdirligi, Arkadag şäheriniň döwlet notarial edarasy, Arkadag şäheriniň Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky müdirligi hem-de Arkadag şäheriniň raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölümi bar. Mundan başga-da, bu ýerde häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän döwrebap kitaphana, muzeý, multimediýa otagy, ýygnak zallary, arhiw otaglary we 150 orunlyk mejlisler zaly bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyna gatnaşdy

Kazan — Aşgabat, 16-njy maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy, şeýle hem birnäçe duşuşyklary geçirdi. Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş-medeni ugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem Russiýa Federasiýasynda yslam maliýe ulgamy düzümleriniň ösdürilmegine ýardam bermek forumyň esasy maksadydyr. Şu ýyl “KazanForuma” 80-den gowrak döwletiň, şol sanda YHG-na agza ýurtlaryň 40-synyň, Russiýanyň sebitleriniň 83-siniň wekilleri gatnaşýarlar. Ol “Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk” şygary astynda geçýär.

Toparyň nobatdaky üstünligi

Ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň 15-nji tapgyryň oýnunda «Arkadag» topary «Köpetdag» toparynyň myhmany boldy. Oýnuň ilkinji on minudynda üç gol hasaba alyndy. Şamämmet Hydyrowyň 6-njy minutdaky goly bilen  Arkadag şäheriniň adybir topary oýnuň hasabyny açdy. Yzysüre 7-nji minutda bolsa, ýene şol topardan Arslanmyrat Amanow tapawutlandy. «Köpetdag» 9-njy minutda Baýramhan Kadyrowyň goly bilen tapawudy azaldanam bolsa, hasaby deňlemek başartmady. Deregine şondan soňra-da «Arkadagdan» üç gol geldi. 18-nji minutda Arslanmyrat Amanow, 24-nji, 60-njy minutlarda Begenç Akmämmedow tapawutlandy. Şeýlelik bilen, oýunda doly üstün oýnan çempionlar 5-1 hasabynda ýeňiş gazandy we utuklarynyň sanyny 39-a çykaryp,  öňdäki ornuny has-da berkitdi.

Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Aşgabat — Kazan, 15-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Milli Liderimiziň bu gezekki sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Şeýle hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň oňyn tejribesi esasynda alnyp barylýan köpýyllyk netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Döwletliligiň baky buýsanjy

Ýakynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Milli döwletliligimiziň synmaz sütünleri ⸺ ýaşlaryň baky buýsanjy» atly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagyndaky bu baýramçylyk maslahaty ady agzalan okuw mekdebiniň eýwanyndaky sergini synlamak bilen başlandy. Şeýle-de Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdym-sazlary belentden ýaňlandy.

Myhman gelýär ýakyndan-daşdan

14-nji maýda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakiniň ýolbaşçylygyndaky Ýapon parlamentiniň wekiliýeti sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherine myhman boldy. Milli däp-dessurlarymyza görä garşylanan myhmanlar, ilki bilen, Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp şäheriň günortasyndaky «Akhan» binasyny synladylar. Türkmeniň behişdi bedewi bolan Akhanyň çarpaýa galyp duran heýkeli ýaponiýaly myhmanlaryň ünsüni çekdi.

Ýeňiş ýene «Arkadag» toparynda

Geçen şenbe güni sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň adybir futbol topary ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň 14-nji tapgyrynda «Aşgabat» bilen oýun geçirdi. «Akylly» şäheriň 10 000 orunluk stadionynda geçirilen bu oýunda ýene «Arkadag» topary öz ýeňişini baýram etdi.  Oýnuň ýaňy 4-nji minudynda «Arkadagyň» derwezesine 11 metrlik jerime urgusy bellenildi. Begmyrat Pirkulyýewiň depen pökgüsi  «Aşgabady» öňe saýlasa-da, hasaby goramak uzak başartmady. Şondan soňra 10-njy minutda «Arkadagdan» Welmyrat Ballakow öz deňlik getiren goly bilen topardaşlaryny ruhlandyrdy. Oýnuň birinji ýarymyna goşmaça goşulan wagtda «Arkadag» toparyndan Begenç Akmämmedow gol geçirip, toparynyň öňe saýlanmagyny gazandy.  

Mert pederlere tagzym

Golaýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak dabarasy geçirildi. Bu dabara harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, mugallymlar we talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Eli gül-çemenli gelen ildeşlerimiz ýalynly ýyllaryň pidasy bolan beýik gerçekleriň ruhuny hatyraladylar. Häzirki wagtda asuda, parahat Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Watan diýip gül ömrüni ýurduna, il-gününe bagyşlan weteranlary döwlet derejesinde sylaglanýar we atlary ebedileşdirilýär. Bu bolsa Watan gahrymanlaryna goýulýan hormat-sarpanyň näderejede belentdigini alamatlandyrýar.

«Berkarar döwlet istärin»

Şeýle at bilen geçen anna güni Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi tarapyndan guralan bu çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kitaphanaçylar, orta mekdepleriň mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň halk aýdym-sazly topary ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy. Jenap Endo Toşiaki wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň soňky ýyllarda depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine goşýan uly şahsy goşandyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekledi hem-de ony ýakynda bolan doglan güni bilen gutlady. Şeýle-de Neda Bergeriň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz halkym!Hormatly uruş weteranlary! Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 1941 — 1945-nji ýyllar dünýä taryhynyň iň gazaply we hasratly döwri bolup, basybalyjylykly, talaňçylykly uruş millionlarça adamy pida etdi, öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirdi, ýüreklere öçmejek ýaralary saldy. 1418 güne çeken bu gazaply urşuň ilkinji günlerinde biziň watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de orden-medallar bilen sylaglandylar. Gazaply söweş meýdanlarynda wepat bolan we Ýeňiş bilen öýlerine dolanan türkmenistanly esgerleriň atlary «Hatyra», «Şöhrat» atly köp jiltli neşirlere girizildi.

Maksatnamalaýyn işler ileri

3-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 9-sy, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi.

Üns beriň, bäsleşik!

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçiriljek «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiňdüzgünnamasy I. Umumy düzgünler

Sport ýeňşi

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň ýapylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan bu sport çäre sportuň 13 görnüşi boýunça geçirildi. Spartakiadada Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary I orna mynasyp boldy.

Tapgyryň esasy oýny

Düýn Milli çempionatymyzyň 13-nji tapgyrynyň çäklerinde «Nusaý» stadionynda «Arkadag» we «Ahal» toparlary duşuşdy. Bu oýunda «akylly» şähere wekilçilik edýän futbolçylar garşydaşlaryndan 4-0 hasabynda üstün çykdylar. Nobatdaky üç utugy hasabyna ýazdyran arkadaglylar 33 utuk bilen sanawdaky birinjilik orunlaryny berkitdiler. Geçiren gollarynyň hasaby boýunça-da ilkinji orunlarda «Arkadagyň» oýunçylarynyň açyk-äşgär artykmaçlyklary bar. Duşuşykda Altymyrat Annadurdyýew 2 gol, Didar Durdyýew 1 gol hem-de Begenç Akmämmedow 1 gol geçirip, tapawutlanmagy başardylar.

Döwürleriň ruhy çyragy

Golaýda Arkadag şäheriniň döwlet arhiwinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy — döwürleriň ruhy çyragy» atly sergi we maslahat geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň häkimliginiň, şäheriň döwlet arhiwiniň işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyňdyr köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, sergidäki milli gymmatlyklarymyzy synladylar hem-de olar hakdaky maglumatlar bilen içgin gyzyklandylar. Soňra maslahat öz işine başlady. Onda çykyş edenler sarpasy belent akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň ähmiýeti hakda nygtadylar.

Muzeýe öwrülen mekdep

Babadaýhan etrabynyň Täze ýol obasyna baranymda, bu ýerdäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky muzeýe aýlanyp görmek mende üýtgeşik täsir galdyrdy. Muzeýiň ýerleşýän binasy geçen asyryň 40-njy ýyllarynda garry atam Berdimuhamet Annaýewiň yhlas-aladasy bilen mekdep hökmünde gurlupdyr. Bu obada ýaşap, zähmet çekip, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk işleri bitiren Berdimuhamet mugallym tä meýletin urşa gidýänçä, bu mekdebe ýolbaşçylyk edipdir. Onuň talabalaýyk enjamlaşdyrylmagy, okuw-usulyýet işiniň kämilleşdirilmegi ugrunda uly tagalla edipdir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň gazaply urşunyň söweşlerinde gaýduwsyzlygyň, edermenligiň nusgasyny görkezen Berdimuhamet Annaýew uruşdan sag-aman dolanyp gelip, ýene-de bu mekdepde asylly kärini dowam etdiripdir. Uzak ýyllaryň dowamynda mekdep hökmünde hyzmat eden bu bina 2012-nji ýylda muzeýe öwrülýär. Muzeý taryhy gymmatlyklara baý eken. Garry atamyň iş otagy, şeýle-de gahrymançylykly ömür ýoly bilen baglanyşykly gürrüň berýän maglumatlar, onuň fotosuratlary, ulanan iş esbaplary, maşgala agzalaryna degişli taryhy maglumatlar, beýleki resminamalardyr gymmatlyklar meniň ünsümi çekdi. Şonda garry atamyň: «Dowamat-dowam bolsun! Nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!» diýen jümleleriniň çuň many-mazmunyna ýene bir ýola göz ýetirdim.

Haýyr-sahawatyň rowaçlanmagy

Golaýda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işlerine üns çekilmegi bu haýyr-sahawat gaznasynyň dünýä ýüzünde barha rowaçlanýandygyny görkezýär. Ýurdumyzdan ýörite wekiliýetiň gatnaşmagynda geçen «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» atly bu mejlisiň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler bilen hem tanyşdyryldy. Hususan-da, mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «ICPD+30» ýagdaýlaryny öňe sürmek: milli tejribe we öňe ilerlemegiň ýollary» atly ugurdaş çäre guralyp, ol Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatda kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmekde, howandarlyga mätäç çagalaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda milli tejribeleri alyşmagyň möhümdigini nygtamaga gönükdirildi. Bu duşuşyga BMG-niň Ilat gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Florens Baueriň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Çagalary goramak boýunça departamentiniň direktory Şima Sen Guptanyň, gurama agza ýurtlaryň hemişelik wekilleriniň we bilermenleriň gatnaşmagy ýurdumyzda dünýä nusgalyk derejede aln

Eli melhem edermen

Görnükli lukman zenan Saçly Dursunowa 1918-nji ýylda Büzmeýinde dünýä inýär. Ol dogany Çeper bilen çagalykdan ene-atadan jyda düşýär we Aşgabadyň Ene Kuliýewa adyndaky çagalar öýünde terbiýelenýär. Çagalykdan derslerine göreldeli ýetişýän, adamlara mydam kömek bermäge ymtylýan şol gulpajykly gyzjagaz 1932-nji ýylda lukmançylyk tehnikumyna okuwa girýär. Okuwyna höwesli, erjel ýapyşyp, ony 1936-njy ýylda tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Şol ýyl hem saýlap alan kärini has-da çuňlaşdyryp öwrenmek maksady bilen şol wagtky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk institutyna okuwa girýär. Saçly Dursunowa talyplyk döwründe gündizine okuwlaryny okap, gijelerine hassahanalarda işläp, iş tejribesini artdyrypdyr we 1941-nji ýylda okuwyny üstünlikli tamamlaýar. Emma durmuş hemişe ynsanyň isleýşi ýaly bolmaýar. 1941-nji ýylda nägehan urşuň başlanmagy bilen, Saçly hem fronta meýletinlik bilen gidýär. Ol 62-nji atyjylyk diwiziýasynyň 534-nji lukmançylyk sanitar batalýonynda ordinator-lukman bolup, harby gulluga başlaýar. Saçly Dursunowa Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşandyny goşan türkmen lukman gyzydyr.