"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Görüner

Seýil edeliň bu Diýara,Diýarda näler görüner?!Eziz Arkadag gurduran,Ajap binalar görüner. Topragy bar altyn-zerli,Daýhany bar — maňlaý derli,Daglary nurdan keremli,Gaýalar, zawlar görüner.

Arassaçylyk we ýokanç keselleriň öňüni almak

Sebitde ýeke-täk «akylly» şäheriň gurulmagy bilen onda Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binasy hem açylyp ulanmaga berildi. Bu ak mermerli döwrebap binada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Arkadag şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy hem ýerleşip, beýleki edaralar bilen deň hatarda iş alyp barýar. Gullugyň işiniň baş maksady ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň guralmagyny, utgaşdyrylmagyny, gözegçiligini we ýerine ýetirilişine gözegçilik barlagyny amala aşyrmak bolup durýar. Onuň düzüminde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ygtybarly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan we işlerini iň täze usullar bilen amala aşyrýan dört sany uly bölümleri bolup, onuň düzüminde birnäçe bölümçeler we barlaghanalar hereket edýär.

Şygyrlary bagşynyň aýdymlarynda

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyny öwreniji alymlar, mirasgärler, ýazyjylar, heýkeltaraşlar, suratkeşler, bagşy-sazandalar... söz ussadynyň diňe özüni däl, eýsem, döredijiligini hem dünýä tanatdylar. Muňa Magtymguly Pyragynyň Berdi Kerbabaýew tarapyndan redaktirlenen ilkinji goşgular ýygyndysy, Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň akyldaryň «Pukaraýam» atly goşgusyna döreden romansy, Türkmenistanyň halk artisti Alty Garlyýewiň surata düşüren «Magtymguly» atly çeper filmi, halypa ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiň goşgy bilen ýazan «Magtymguly» atly dramasynyň Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmämmedow tarapyndan ilkinji gezek sahnalaşdyrylmagy, Türkmenistanyň halk artisti Weli Muhadowyň ilkinji bolup, «Magtymgulynyň ýadygärligine» atly simfoniýasynyň döredilmegi mysal bolup biler. Pyragynyň şygyrlaryny saza salyp, il-günümize ýaýmakda goşant goşan ussatlaryň biri hem Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Sahy Jepbarowdyr. Garry atam Sahy Jepbarow Ahal bagşyçylyk ýolunda ilkinjileriň biri bolup, halk aýdymlarymyzyň düzümine täzelikleri girizipdir. Ozallar diňe saz hökmünde çalnyp gelnen «Gyzylinjik», «Gyzyl börük», «Şirin-şeker», «Ýusup owgan» ýaly dutar sazlarynyň heňine bagşy «Oýan», «Düşdi nazarym», «Ogulbike», «Bu gün» ýaly uly meşhurlyk gazanan aýdymlary döredipdir. Şeýlelikde, täze bir ymtylyşa gadam basan Sahy Jepbarow halypa ş

Dünýäniň danasy, paýhas köprüsi

Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň ýa-da Gündogaryň däl, eýsem, umumadamzadyň akyldar şahyrydyr. Onuň jöwher paýhasyndan kemal tapan dürdäne şygyrlary üstünden ençeme asyrlar geçse-de, könelmeýän paýhas bolup bütin köňüllerde ýaşaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşme» diýip, akyldar şahyrymyza beýik baha berýär. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrmagy ähmiýeti taýdan çuňňur mazmuna eýelik edýän ajaýyp taglym boldy. Hakykatdan-da, dünýä jemgyýetçiligi Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine hem-de onuň dürdäne şygyrlaryny we filosofik garaýyşlaryny öwrenmäge uly isleg bildirýärler. Çünki akyldar, öňdengörüji dananyň şahyrana dünýäsinde jemlenen filosofiýa, dünýägaraýyş we goldanylýan gowulyklar bir milletiň ruhy çäginden juda giň bolup, ol umumadamzat üçin niýetlenen, sözlenen ajaýyp kelamlardyr. Has buýsançly ýagdaý hem akyldara bagyşlanan dabaradyr ylmy-amaly maslahatlar diňe bir öz Watanymyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde hem giň gerim alýar. Magtymguly Pyragynyň goşgulary dürli dillere terjime edilýär. Dünýä alymlarynyň we filosoflarynyň bellemeg

Änewli ägirtler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsinden täsirlenip, çuň manyly şygyrlary döreden birnäçe arkaçly şahyrlar meşhurdyr. Durdy bagşy, Zahydy, Ysmaýyl ýaly şahyrlaryň şygyrlary il içinde dilden-dile geçipdir. XIX asyryň başlarynda Änewde dünýä inen Dostmämmet şahyryň goşgulary halk içinde aýdym edilip aýdylypdyr. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, XIX asyrdaky Änew halkynyň ýaşaýyş-durmuşy, edil XVIII asyr ýaly, çylşyrymly, galagoply we gapma-garşylykly döwür bolupdyr.

«Pasly baharlarda seýrana çyksaň...»

­­Baharyň bolmajysy bolýan döwri gojaman Köpetdagyň belent gerişlerindäki gunduz kimin ak garlara seretmezden, seni dag eteklerine, sähra düzlerine seýrana çagyrýar. Ösümlikleriň, gyş ukusyndan oýanan mör-möjejikleriň, öz dillerinde saýraşýan guşlaryň ýaz paslynyň jana şypaly howasyndan kuwwatlanýan döwri. Baharyň günbatardan ösýän mymyk şemalyna ygşyldap, tolkun atýan, ak, gyrmyzy, sary gülleri, burk urýan ysyny dumly-duşa ýaýradyp, seriňi joşdurýan bolsa, gülden-güle uçup-gonup ýören erkana kebelekler, saýraşýan guşlaryň owazlary üýtgeşik bir joşguny — şatlyk duýgusyny oýaryp, durşy bilen kalbyňa siňip gidýär. Gözbaşyny dagyň belent gerişlerinden alan çeşmeleriň şildiräp akýan täsin owazy-da, göwünleri galkyndyrýar. Arykdan akýan durna göz suwuň yzgaryndan nem alan topragyň ysy burk urýar. «Toprak — ene, suw — ata» diýilmeginiňem özüne ýeterlik manysy bar bolmaga çemeli. «Dogrudyr, toprak mes bolany bilenem, suw bolmasa, hasyl alyp bilmersiň» diýip, öz-özüňe teselli berersiň.

Abuna — 2024

Hormatly okyjylar! 2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Arkadag» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär.

Hormatly ýolagçylar!

Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ýollaryň durkuny täzeläp, raýatlara we ýolagçylara has amatly, döwrebap şertleri döretmek üçin, Köpetdag şaýolunyň «Polatly» binasy bilen «Akhan» binasynyň aralygyndaky ýol böleginde, şeýle-de Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky gatnawly ýolda gurluşyk-gurnama işlerini geçirmek zerurlygy ýüze çykýar. 2024-nji ýylyň 29-njy aprelinden başlap, gurluşyk-gurnama işleri tamamlanýança, ýokarda görkezilen ýollarda gatnawlaryň wagtlaýyn çäklendirilendigini habar berýäris. Raýatlaryň bähbidine gönükdirilen bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilmegi, ýollaryň durkunyň düýpli abadanlaşdyrylmagy ýolagçylar üçin ählitaraplaýyn amatlyklary döreder.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna

Eziz watandaşlar!Hormatly atşynaslar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda behişdi bedewlerimiziň şanyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Myhman Milli Liderimize duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň mähirli salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Arkadag şäherinde

26-njy aprelde irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, döwrebap ahalteke atçylyk athanasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, GFR-iň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen gürrüňdeş boldy hem-de Arkadag şäheriniň futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy. Zähmete berlen ýokary baha

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda behişdi bedewlerimiziň şanyna giňden hem-de uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen atşynaslyk sungatyny has-da ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

At agynan ýerde...

«Toý» sözüniň özünde adama ruhy güýç beriji many bar. Sebäbi toý-baýram günlerinde her kimiň ýüzünde ýylgyryş, bir-birege hoşamaýlyk, gyzgyn ýürekden çykýan gutlaglar gulaga ýarap, göwnüňi göge göterýär. Parahat ýurdumyzda ýyllar üstünliklere, aý-günlerimiziň ählisi diýen ýaly toý-baýramlara beslenip gelýär. Saba säher. Arassa howa. Ajaýyp Köpetdagy etekläp oturan «akylly» şäher. Gursakda toýa barýanyň joşguny. Bularyň hiç biri adamy biparh goýmaýar. Sebäbi Arkadag şäherinde ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan tutulýar. Şular ýaly döwletlilik hasaplanylýan ýerlere baryp görmegiň, gatnaşmagyň özi bagt.

Paýa PAÝAÝEW, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atşynasy, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi:

— Bu toý-dabaraly gün meniň durmuşymda hiç ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda özümiň taýýarlap ýetişdiren Gadymy atly atym bilen bu bäsleşikde ýeňiş gazandym. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna eýe bolmak bagtynyň miýesser edendigi buýsançly başymy göge ýetirdi. Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen halkymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Milli gymmatlygymyz sungat eserlerinde

Düýn Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky bäsleşigiň jemi jemlenildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Gurbangül Bekbaýewa «Türkmen bedew aty Toýly» atly haly eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Abraý Annaýewe «Milli mirasymyz» atly şaý-sep toplumy eseri, şol okuw mekdebiň mugallymy Arslan Atahanowa «Toýly gün» atly nakgaşlyk eseri we talyplary Kerim Soltanowa «At gazanan goç ýigidiň, owwal bedew aty gerek» atly heýkel eseri, Nurmuhammet Ýolamanowa «Behişdi bedewler» atly fotoişleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Wepa Myşşyýewe «Şöhraty dünýä dolan bedew» atly wideoşekili üçin baýraklar gowşuryldy.

Nazar ANNANIÝAZOW, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň tohumçylyk boýunça baş hünärmeni, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy:

— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly meniň durmuşymda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Sebäbi maňa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakdy. Asuda Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Şeýle toýly günleriň biri hem her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramydyr. Biz — atşynaslar bu toýy her ýylda ýokary derejede taýýarlykly garşylaýarys. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen giň şertler, mümkinçilikler döredilýär. Ine, ýaňy-ýakynda-da Milli Liderimiz bedew atlar bilen didarlaşyp, täze doglan taýçanaga Şahyr diýip at dakdy. Bu bolsa sözde, sazda waspy ýetirilýän türkmen bedewiniň şan-şöhratyny ýene bir gez belende göterdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen bedewlerine berilýän üns, alada, olaryň arassa ganlylygynyň goraglylygy hem-de köpeltmek işleri has hem ilerleýär. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Seýisçilikde halkara tejribe

25-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVI halkara ylmy maslahaty geçirildi. Bu halkara maslahata atçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar, daşary ýurtly wekiller hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Uçar ganatly buýsanjymyz

26-njy aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýapyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi. Ýaryşa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna, Milli atly sport merkezine, Türkmenistanyň milli atly sport federasiýasyna degişli jemi 11 sany saýlama bedew gatnaşdyryldy. Ýeri gelende, atly sportuň konkur görnüşi dünýäde barha meşhurlyk gazanýan we köpleriň söýgüli sport görnüşidigini ýatladýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda sportuň bu görnüşi ýurdumyzda has-da uly ösüşlere eýe bolýar. Bäsleşikde üç tapgyrda ýaryşdylar. 1 metr 10 santimetr belentlikdäki päsgelçilikden jerimesiz, az jerimeli we gysga wagtda geçip, bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazananlar Seýitymam Seýidowyň erk eden Atbasary, Yhlas Çopanowyň erk eden Altynhany, Ýazgeldi Garajaýewiň Toýçusy, Möwlam Baýramdurdyýewiň Alamaty, Annadurdy Hallyýewiň Hanaýy, Mergen Gurbanlyýewiň Gudraty we Merdan Pirmyradowyň Terbaşy dagy başardylar.

Atçylygyň ylmy-önümçilik merkezi

Arkadag şäheriniň döredilmegi halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşan taryhy wakalaryň biri boldy. Bu ajaýyp şäheriň aýratynlyklarynyň biri hem onuň ahalteke bedewleriniň merkezine öwrülmegidir. Şu günki gün bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, şeýle hem Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hereket edýär. Bu hem Arkadag şäheriniň diňe Türkmenistanda ýa-da sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde halkara atçylygyň merkezine öwrülendiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Milli atçylygy ösdürmek babatda yzygiderli amala aşyrylýan işler, hususan-da, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi ýurdumyzyň häzirki wagtda dünýä medeniýetiniň baýlygyny — ahalteke bedewini geljekki nesiller üçin aýawly saklaýan uly halkara merkez bolup durýandygyny dolulygyna äşgär edýär.

Täze jaýlar — baýramçylyk serpaýy

Düýn Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna, Arkadag şäheriniň atşynaslaryna 120 maşgala niýetlenen täze, döwrebap jaýlaryň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu şanly waka türkmen bedewlerini ýetişdirmekde päk zähmet çekýän seýislere we atşynaslara goýulýan hormatyň aýdyň güwäsidir. Baýramçylyk sowgady hökmünde Arkadag şäheriniň «akylly» jaýlaryndan serpaýly bolmaklary atşynaslarymyzyň we seýislerimiziň kalplaryny buýsandyrdy. Olar şeýle ajaýyp sowgady peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlap, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Türkmen bedewlerini hemra edinen atşynaslaryň azaby ýerine gowuşdy diýleni boldy. Ak mermere beslenen ajaýyp şäherden öýli bolmak bolsa, bedew janköýerleriniň borçlaryny has-da artdyrýar. Atçylygyň mesgeninde işlemäge, ýaşamaga döredilen mümkinçilik üçin olaryň ýürekden çykýan her bir sözünde tükenmez alkyşlar bar.