"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaş şäheriň ýaşajyk zehinleri

Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň, körpeleriň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry boldy. Bu şadyýan bäsleşik Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde geçirildi. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň şu ýyl sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde her ýyl guralýan bu gözden geçiriliş zehinli çagalary ýüze çykarmaga goldaw berýär. Oňa Arkadag şäherinde terbiýelenýän we bilim alýan zehinli çagalar ýokary ruhubelentlikde hem-de uly höwes bilen gatnaşdylar. Ýaş nesilleriň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmaga ajaýyp şert döredýän bäsleşik şatlykly wakalara beslendi. Sungatyň ýaş wekilleri bäsleşigiň şertleri esasynda özleriniň döredijilik başarnyklaryny ezberlik bilen açyp görkezdiler. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyrynda şadyýan çagajyklar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşlerini, bagtyýar çagalygy, ata Watanymyzy,

Ömrümize şamçyrag

Golaýda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde «Pyragy hem Arkadag — ömrümize şamçyrag» atly maslahat geçirildi. Ýaşlaryň arasynda geçirilen bu maslahata mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Onda çykyş edenler milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň mertebesini belende galdyran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi bilen ýurdumyzda akyldar şahyryň ýubileý toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýandyklaryny buýsançly beýan etdiler.

Taryhdan taryply

Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Taryhdan taryply türkmen bedewi» atly sergi guraldy. Serginiň açylyş dabarasyna Arkadag şäherinde zähmet çekýän hünärmenler, ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallaryň döredijilik işgärleri hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar. Sergide türkmeniň milli buýsanjy bolan bedewleriň esbaplary — şaý-sepleri, eýer, eýerlik, at keçe, at ýapynja, serkeç, atyň naly, türkmen halylary, gadymy küýzeler we nakgaşlyk eserleri, şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezildi. (Ýörite habarçymyz).

Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna

Şanly sene — şahyryň şanly senesinde! Aýhan Hajyýew 1924-nji ýylda Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda dünýä inýär. Çeperçilik tehnikumynyň ýanyndaky mekdep-internatda okaýar. Ol 13 ýaşyndaka, «Pagta meýdanyndaky dynç alyş» atly suraty Çaga suratkeşleriniň bütinsoýuz bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolýar.

Hyzmatdaşlykda täze gözýetimler

Türkmenistan we UN-Habitat: esasy ugurlar maslahatlaşyldy 16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi.

At — myrat

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmeniň ýoly

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyşy hakda Kesbimiz gazet işi bolansoň, mahal-mahal Garagumuň jümmüşinde gurulýan awtobana baryp, gurluşykçylaryň armasyny ýetirerdik. Gyşyň kyrk tüýsli günlerinde, tomsuň jokramasynda awtobanyň başlangyç nokadyndan başlap, ýoluň ýeten ýerine çenli gurluşyk işlerine barlyp görüldi. Işiň diňe gündizler däl-de, gijesi bilen dowam edýändigine şaýat bolundy. Gurluşyga şaýat bolmak — taryha şaýat bolmak. Garagumuň aňňat-aňňat depeleri, ho-ol aňyrda agraslyk bilen ýöräp barýan kerweni ýatladýan düýeleriň hatary, tehnikalaryň sesleri, bir bölegi ýere geotekstil ýazyp ýören, ýene bir bölegi köpri işläp, ýüzleri Günüň çoguna gyzaran gurluşykçylar... Ýokary depgindäki zähmet we ýokary tizlikli ýol.

Haýyr-sahawatly işler

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen başlangyçlarynyň aýdyň beýanyna öwrülen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ynsanperwerlik işleriniň ençemesi durmuşa geçirilýär. Döredilenine bary-ýogy 3 ýyl bolandygyna garamazdan, gaznanyň hemaýatkärliginde howandarlyga mätäç çagalaryň onlarçasy operasiýa edildi, şeýle-de derman serişdeleridir lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Ýeri gelende, howandarlyga mätäç daşary ýurtly çagalaryň hem ünsden düşürilmeýändigini hem bellemelidiris. Has dogrusy, hormatly Prezidentimiziň Buýrugy esasynda, 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan dostlukly täjik halkynyň çagalaryna derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, dokma önümleri, çaga eşikleri, konditer önümleri sowgat hökmünde berildi. Munuň özi türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklarynyň, ynsanperwer däp-dessurlarynyň, şeýle hem gaznanyň işiniň halkara derejede dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Asylly işleriň durmuşa geçirilýän mekanyna öwrülen ýurdumyzyň her bir başlangyjydyr goldaw-hemaýaty bu günki gün halkara derejede ykrar edilýär. Muňa gaznanyň adyna daşary ýurtlardan, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky we

«Biz öz taryhymyza guwanýarys»

Bu günki gün Änew baý taryhy-medeni kuwwatly, häzirki zaman ulgamly, uly depginler bilen ösüp, geljege tarap ynamly barýan taryhy şäherdir. Ol gün-günden özgerýär, bu ýerde täze-täze gözel ymaratlar peýda bolýar, häzirki zaman talaplaryna gabat gelýän ýollar çekilýär. Biz mundan beýläk hem Änew şäheriniň gülläp ösmegine, onuň baý taryhy-medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna we düýpli öwrenilmegine, şeýle hem bu mirasyň dünýä ýaýylmagyna gönükdirilen işleri dowam ederis. ***

Paryzdepeden Arkadag şäherine çenli

Paryzdepe taryhy ýadygärliginden günbatarlygyna seredeniňde, ajaýyp Arkadag şäheri görünýär. Şol pursat ata-babalarymyzyň «Owal akan ýerinden akarmyş aryk» diýen jümlesi biygtyýar ýadyňa düşýär. 2016-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň hut şu topraga, şu ýadygärlige şa gadamynyň düşmegi bilen bu ýerde gadymy arheologik ýadygärlikleri düýpli öwrenmek işine badalga berlen bolsa, indi bu gadymy mekanda täze şäher — nurana binalar peýda boldy. Paryzdepe ýadygärliginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynda görkezilen taryhy maglumatlary tassyklaýan gymmatlyklaryň üstünden baryldy. 2024-nji ýylyň ýazky gazuw-barlag möwsüminde Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary ýeriň, takmynan, 7,5 metr aşagyndan, ýadygärligiň 14-15-nji we degişlilikde, 16-njy medeni gatlaklaryndan gadymy Änew medeniýetine degişli ajaýyp taryhy maglumatlary ýüze çykardylar. Ýüze çykarylan gymmatlyklar gadymy suw ulgamy bolan käriz akabasynyň köne akymynyň ugrundan tapyldy. Bu ýerde geçirilen gazuw-agtaryş ylmy barlaglaryň dowamynda, eneolit döwri diýlip atlandyrylýan, miladydan öňki V-IV müňýyllyklara häsiýetli, Änew I medeniýetiniň döwrüne mahsus bolan hojalykda giňden ulanylan gaplaryň bölekleri, çakmak daşdan ýasalan gurallaryň galyndylary we başga-da köp sanly tapyndylar bilen bir hatarda şol döwre mahsus ýaşaýyş j

Dünýäniñ ösüşinde Türkmenistanyñ orny

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar» we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak bilen, saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýerýär. Şeýlelikde, ýurdumyz BMG bilen köpugurly, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy. Ýakynda BMG-den gelip gowşan hoş habar hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýagny şu ýylyň 9-njy aprelinde geçirilen BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna biragyzdan saýlandy.

Demirýolçularyň halkara forumy

15-nji aprelde paýtagtymyz Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna (DÝHG) agza döwletleriň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady. Foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragy, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilýän forum aýdym-sazly çäreler we halkymyzyň baý medeni mirasy bilen tanyşdyrýan sergi bilen utgaşdy. Mejlise gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy okaldy. Mejlisiň dowamynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri seljerilip, geljek ýyllarda meýilleşdirilýän işleriň taslamalaryna garaldy.

Dostluk şahalary gül açýar

Halkymyzda: «Bir derýadan suw içen ýaly» diýen ajaýyp meňzetme bar. Biri-birine ýakyn, ýürekdeş adamlara hut şeýle diýilýär. Şahyr aýtmyşlaýyn, gadymdan bir çäýnekde çaý çaýlaşan, agyr ýüki deň taýlaşan, bir çöregi jüp paýlaşan türkmen we özbek halklaryny diňe joşly Jeýhunyň däl, eýsem, taryhy-medeni, ruhy-edebi mirasynyň bitewülikleriniň umman deý giň akabasy hem birleşdirýär. Bu gün Aşgabatda «Daşkent», Daşkentde bolsa «Aşgabat» seýilgähleri, türkmen paýtagtynda Alyşir Nowaýynyň, özbek paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän köçeler bar. Ynsanyýetiň şahyry

«Kompozitor» medeni ojaklarda

8 — 14-nji aprel aralygynda paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda, «Watan», «Türkmenistan» kinokonsert merkezlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap Medeniýet öýlerinde «Kompozitor» filminiň görkezilişi boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň surata düşüren «Kompozitor» atly täze filmi gysga wagtyň içinde halkyň söýgüsini gazandy. Filmde ýaş nesliň terbiýesi we ösüşi üçin möhüm ruhy-ahlak gymmatlyklary beýan edilýär. Aýratyn-da, maşgala agzybirligi, jebisligi açylyp görkezilýär. Şonuň üçinem oňa ilkinjiler bolup, okuwçylar we talyp ýaşlar tomaşa etdiler. Filmde baş gahryman öz dogduk mekanynyň tebigatyndan, maşgala däp-dessurlaryndan we türkmen kompozitorlyk mekdebiniň baý mirasyndan ylham alyp, täze saz döredýär, okuwçylara bilim berýär. Filmde ähli wakany saz gürrüň berýär.

Ýaşlara wagyz-nesihat

Golaýda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde geljek nesilleri milli ruhda terbiýelemek boýunça edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlarynyň we ýokary synp okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahata hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri-de gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler nusgalyk terbiýe mekdebi bolan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryna ýüzlenmek arkaly häzirki wagtda ýaşlar bilen bagly döwlet derejesinde alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändigini aýtdylar.

Maşgala gymmatlygy — milli terbiýe

Ýakynda «Maşgala gymmatlyklary — türkmen döwletliliginiň, milli terbiýäniň özeni» ady bilen Arkadag şäheriniň Maliýe we bank toplumynda milli gymmatlyklara we terbiýä bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu çärä «akylly» şäheriň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşaýjylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Köpetdagyň eteginde janly tebigatyň milli muzeýi

Daşky gurşawy goramaga, tebigatyň täsin baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga we olary aýawly saklamaga, biodürlüligi köpeltmäge hem-de olary geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilen işleriň iňňän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde bolsa ýurdumyzda bar bolan haýwanat baglaryna uly orun berilýär. Ýurdumyzyň taryhynda «Haýwanat bagy» ilkinji gezek baryp, 1955-nji ýylda döredilýär. Ol Aşgabat şäherinde gurlup, tutýan meýdany onçakly giň bolmandyr. Saklanylyp idedilýän jandarlaryň baş sany 1953-e deň bolup, olar 110 görnüşden ybarat bolupdyr.

Hokkeý boýunça halkara ýaryş

 15 — 20-nji aprel aralygynda Ýurdumyzyň sport taryhynda özboluşly yz goýjak bu ýaryşa Belarus Respublikasynyň «Wolat», Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box Iran Mall», Gazagystan Respublikasynyň «Akmola», Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý», RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan», Oman soltanlygynyň «Oman Nationals», Özbegistan Respublikasynyň «Feniks», Türkiýe Respublikasynyň «Team-Türkiye» hem-de Bahreýn Patyşalygynyň «Bahrain Ice Hockey Club» hokkeý klublaryndan toparlar gatnaşýarlar.

Myhmanlar megapolisde

Ýurdumyzda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşa gatnaşmaga gelen daşary ýurtly myhmanlar Arkadag şäheri bilen tanyşdylar. Myhmanlar Arkadag şäherinde ýerleşýän Köpugurly sport toplumyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler. Olar ýurdumyzda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň öňüsyrasynda guralan bu täsirli gezelenç üçin ýaryşyň guramaçylaryna hoşallyklaryny bildirdiler.