Ömrümize şamçyrag

25 Aprel 2024
244

Golaýda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde «Pyragy hem Arkadag — ömrümize şamçyrag» atly maslahat geçirildi.

Ýaşlaryň arasynda geçirilen bu maslahata mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Onda çykyş edenler milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň mertebesini belende galdyran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi bilen ýurdumyzda akyldar şahyryň ýubileý toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýandyklaryny buýsançly beýan etdiler.