Ýaşlara wagyz-nesihat

18 Aprel 2024
380

Golaýda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde geljek nesilleri milli ruhda terbiýelemek boýunça edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlarynyň we ýokary synp okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahata hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri-de gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler nusgalyk terbiýe mekdebi bolan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryna ýüzlenmek arkaly häzirki wagtda ýaşlar bilen bagly döwlet derejesinde alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändigini aýtdylar.

Çaryberdi REJEBOW.
«Arkadag».