Maşgala gymmatlygy — milli terbiýe

18 Aprel 2024
265

Ýakynda «Maşgala gymmatlyklary — türkmen döwletliliginiň, milli terbiýäniň özeni» ady bilen Arkadag şäheriniň Maliýe we bank toplumynda milli gymmatlyklara we terbiýä bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu çärä «akylly» şäheriň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşaýjylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.