Myhmanlar megapolisde

18 Aprel 2024
242

Ýurdumyzda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşa gatnaşmaga gelen daşary ýurtly myhmanlar Arkadag şäheri bilen tanyşdylar.

Myhmanlar Arkadag şäherinde ýerleşýän Köpugurly sport toplumyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler. Olar ýurdumyzda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň öňüsyrasynda guralan bu täsirli gezelenç üçin ýaryşyň guramaçylaryna hoşallyklaryny bildirdiler.