"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli ykdysadyýetimiziň üstünlikleri

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp gördi. Bu ýerde ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümleriň we telekeçileriň harytlarynyň, öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri hem-de hyzmatlary hödürlenilýär. Sergide söwda toplumynyň düzümleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň 210-dan gowragy öndürýän ýokary hilli önümleriniň we hyzmatlarynyň dürli görnüşleri öz beýanyny tapýar.

Türkmen-täjik dostluk-doganlyk gatnaşyklary

Häzirki döwürde juda belent sepgitlere ýeten türkmen-täjik gatnaşyklary öz köküni taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Ýyl-ýyldan rowaçlanýan doganlyk gatnaşyklarynyň aňyrsynda asyrlaryň dowamynda goňşy ýaşan iki milletiň arasyndaky birek-birege sarpa goýmak, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýaly asylly häsiýetler ýatyr. Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny gazanmagynyň yzysüre, ýagny 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hakynda Tertipnama gol çekmek arkaly Täjigistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şondan bäri hem döwletimiz deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň esasynda gatnaşyklaryny sazlaşykly alyp barýar. Häzirki wagtda Türkmenistan we Täjigistan Merkezi Aziýada parahatçylygy pugta berkidip, ony sazlaşykly ösýän sebite öwürmek maksadyna gulluk edýär. Bu ugurda BMG-niň, GDA-nyň, YHG-nyň, ÝHHG-niň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we beýleki köp sanly halkara guramalaryň çäginde birek-biregiň teklipdir başlangyçlaryny goldap çykyş edýärler. Şeýle-de Täjigistanyň türkmen tarapyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň 20-siniň awtordaşy bolup çykyş etmegi aýratyn bellärliklidir.

Haýyr-sahawatyň haýry

Halal gazanjyň belli bir möçberini haýyr-sahawata bagyşlamak türkmençilikde öňden gelýän ýörelgedir. Hut şeýdilende saçaga rysgal, bereket inýändigine halkymyzyň ynanjydyr. Howandarlyga mätäç adamyň abadan ýaşaýşyň akymyna goşulmagyna goldaw etmek bilen, köpçüligi adamkärçilige çagyryşdyr. Abadan ýaşaýyş bolsa, döwletiň jemgyýetçilik-syýasy ösüşleriniň netijesinde gazanylýar.

Döwletlilik ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Golaýda Arkadag şäheriniň häkimliginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary, halk maslahatynyň agzalary, mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara düzümleriň ýolbaşçylary hem-de hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýaş matematikleriň olimpiadasy

üstünliklere beslendi Halkymyz «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» diýýär. Wagtyň eleginden geçip gelen bu nakyl öz manysyny hiç haçan ýitirmez. Sebäbi taryha ser salanymyzda ata-babalarymyzyň ösen ylmyň eýeleri bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ylym-bilim boýunça uzak geljegi nazarlaýan işler durmuşa geçirilýär.

Arkadag şäheri — ylmyň-bilimiň merkezi

Begenç GUMMANOW, altyn medalyň eýesi, Türkmenistan: — Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmak bagty maňa hem miýesser etdi. Bu olimpiada örän çekeleşikli geçdi. Men öz ukyp-başarnygym bilen altyn medal gazandym. Watanymyza, halkymyza mynasyp ruhly ýaşlary kemala getirmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun.

Müňýyllyklaryň medeniýeti

Hormatly Prezidentimiz Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekip bilýär. Ýurdumyzyň ähli künjegi, şol sanda gadymy Ahal topragy hem beýik taryhy ösüşlere baýdyr. Şeýle wakalardan ruhlanyp taýýarlan şu kitabym eziz halkymyza sowgadym bolsun! 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty Änew şäheri türkmen taryhynyň şöhratly geçmişi üçin-de, türki älemi üçin-de aýratyn ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza sowgat bermegi bagtyýar halkymyzy buýsandyrdy.

Kanunçylyk we döwrebaplyk

Raýatlaryň hukuk düşünjeliligini artdyrmak hem-de gyzyklandyrýan kadalaşdyryjy hukuk namalary çalt we aňsat usulda gözläp tapmagyna ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan «Adalat» elektron maglumatlar toplumy programmasy döredildi. Bu programma kadalaşdyryjy hukuk namalary barada maglumatlary özünde jemleýär. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2018-nji ýyldan bäri, 1990 — 2024-nji ýyllar aralygynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň, Türkmenistanyň kodeksleriniň, Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlarynyň we Kararlarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň, şeýle hem 1995 — 2024-nji ýyllar aralygynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň soňky girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen üsti ýetirilen ýagdaýyndaky maglumatlary özünde jemleýän «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasy taýýarlanylyp, fiziki we ýuridik şahslaryň şol programmadan peýdalanmaklary üçin mümkinçilikler döredildi.

Beýik başlangyç — belent buýsanç

Türkmençilikde bir adamyň il içindäki abraýyny suratlandyrmak üçin «sözi diňlenilýän adam» diýen aýtgy ýörgünli. Gerek ýerinde jaýdar sözi aýdyp bilmek, ol sözüňem ýer almagy, dogrudan-da, uly abraý. Bu kada döwletleriň mysalynda hem üýtgewsizligine galýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistan bu gün halkara giňişlikde şeýle abraýdan peýdalanýar, ählumumy ähmiýete eýe bolan meselelerde sözi ýer alýan döwlet hökmünde tanalýar. Eýsem-de bolsa, dünýä derejesinde ýyllara at dakmakda Türkmenistanyň teklibiniň BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan makullanylmagy muňa iň aňrybaş delil dälmidir?! Mundan ozal hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyçlary bilen 2019-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly, 2022-nji ýylda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamalar kabul edilipdi. Şulara ser salsak, soňky bäş ýylyň üçüsiniň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen kararnamalar esasynda ählumumy derejede atlandyrylandygyna göz ýetirýärsiň. Şu ýerde ýene bir zady aýratyn nygtamak gerek. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly «Halkara

Metjit — mukaddeslik

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Halkymyzda ýol çekmek, köpri, metjit gurmak sogap iş hasaplanýar. 23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde saparda boldy.

Gadyrly gije

Biziň ynsanperwer halkymyz her bir mukaddesligi ýagşy umyt, ýagşy arzuw bilen garşy alýar. Ine, bu arzuwlar bilen garşy alnan Remezan aýynyň mübärek Gadyr gijesi hem ýetip geldi. Bu gijäniň öňüsyrasynda, ýagny 29-njy martda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldap, her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak babatda «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekmegi halkymyzda çuňňur kanagatlanma duýgusyny oýardy.

Sözi senaly, sarpaly

2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy döwlet we halkara derejesinde giňden bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen öňe sürlen türkmen halkynyň söýgüli şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini öwrenmek babatda maksatnamalaýyn işler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda ABŞ-nyň Nýu-ýork şäherine iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda belent münberinden eden taryhy çykyşyny Magtymguly Pyragynyň «Adamzat» atly goşgusynyň «Ýatsa tursa hyýalyndan çykarmaz, // Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat» diýen ajaýyp setirleri bilen jemlemegi bu aýdylýanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

100 gün düzgüni

«Guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz» diýlişi ýaly, adamyň durmuşy onuň arzuwyna baglylykda dowam edýär. Şonuň üçin her bir şahsyýet arzuwyny takyk maksada öwrüp, üstünlik gazanmaga ymtylýar. Şoňa baglylykda, «100 gün» usulynyň düzgünlerini yzygiderli ýerine ýetirseňiz, wagt siziň tarapyňyzda bolar we ol sizi üstünlige ýetmäge belli bir derejede ýardam eder. Esasy sorag: «100 gün usuly» diýmek näme we ony nädip ulanmaly?! «100 gün usuly» — öz öňüňizde belli bir maksat goýup, şol tarapa ymtylmakdyr. Munda ýerine ýetirjek işleriňizi meýilleşdirmek wajypdyr. «100 gün usuly» psihologik taýdan hem ähmiýetlidir. Onda esasy zat — islegiňi ýazga geçirmek. Bilşimiz ýaly, adamlaryň öz eli bilen ýazan arzuwlary we işleri has çalt amala aşýar. «100 gün usuly» hem muňa kybapdaş. Gündeligiňizde görkezilen wagta çenli etjek işleriňizi gün sypdyrman ýazsaňyz, öz-özüňizden tijenip başlarsyňyz. Sebäbi siziň arzuwyňyza ýetmegiňize diňe özüňiz kömek edip bilýärsiňiz.

Çempion birinji orunda

Iki duşuşykda garşydaş derwezelere 12 gol geçiren «Arkadag» futbol topary 4-nji we 5-nji tapgyrlarda ýene-de ýeňişli ýoluny dowam etdirdi. Ýurdumyzdaky ilkinji akylly şähere wekilçilik edýän topar 4-nji tapgyrda «Ahaly», 5-nji tapgyrda bolsa «Aşgabat» futbol toparyny uly hasaplar bilen ýeňdi. 4-nji tapgyrdaky duşuşyk «Arkadag» futbol topary üçin aýratyn ähmiýete eýe. Çünki topar şol duşuşygy Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirdi. Munuň özi toparyň milli çempionatymyzda öz stadionyna ilkinji gezek gadam basyşydyr. Ilkinji gadam örän şowly hem boldy. Topar ilkinji üç tapgyrda juda üstünlikli çykyş edip, birinji orna çenli göterilen «Ahaly» 4:1 hasabynda ýeňip, ýaryş tertibiniň başyna geçirdi.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Demir we aýna gaplara gaplanan iýmit önümlerini paslyň yssy günlerinde ürç edip kabul etmeklikden saklanmaly. Kabul etmekçi bolsaňyz, olary söwda merkezlerinden satyn almaly. Öý şertlerinde olary talabalaýyk we belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda saklamaly we ulanmaly! ***

Ýaşlar ýaryşdylar

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport müdirliginiň bilelikde guramaklarynda 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda sportuň küşt oýny hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynda we ýöriteleşdirilen 1-nji okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirilen bu ýaryşlar gyzgalaňly boldy. Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi tarapyndan Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2024 — 2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 30-njy martynda, 13-nji aprelinde we 11-nji maýynda «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar

Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler, şeýle-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti barada maglumatlary www.tohu.edu.tm web saýtyndan hem görüp bilersiňiz. «Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 10:00-da başlanýar:

Arkadag şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň dykgatyna

Arkadag şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti bilelikde Arkadag şäher Maliýe we bank toplumynyň edara binasynda 2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde sagat 09:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär! Kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler özlerindäki bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde geçiriljek çärä degişli wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

«Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet»

23-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belledi hem-de Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Milli Liderimiziň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan ýardam berdi.

Myhmanlar «akylly» şäherde

26-njy mart­da Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy. Hormatly myhmanlaryň hatarynda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahata, «Türkmen topragy — gadymy siwilizasiýalaryň merkezi» atly metbugat maslahatyna, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, TÜRKSOÝ-na agza hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr ylmy wekiliýetleri bar.