"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hususyýetçilik: ösüşde täze sepgitler

Ýakynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna gabat gelen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi guraldy, şeýle-de paýtagtymyzda täze gurlan «Arkaç» söwda medeni-dynç alyş merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Birleşmäniň agzalarynyň geçiren maslahaty hem bu şanly sene bilen baglanyşykly boldy. Hususyýetçileriň giňden ýaýbaňlandyrylan sergisinde döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän köp görnüşli senagat önümleri, ýokary hilliligi bilen içerki we daşarky bazarlarda alyjylaryň uly isleglerinden peýdalanýan oba hojalyk we azyk önümleri mynasyp orun eýeledi. Şeýle hem sergide hususy kärhanalaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejeli binagärlik desgalary, hususan-da, Arkadag şäherindäki gurluşyklar, ulag-logistika pudagynyň ösüşleri, halkara ulag-üstaşyr ulgamynyň möhüm düzümini emele getirýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda alnyp barylýan işler, sanly ykdysadyýeti, maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýetilen sepgitler, döwrebap hyzmatlar giňden şöhlelendirildi. Olardan görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ähli desgalaryň, binalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalar, nou-haular, sanly ulgam ornaşdyrylýar. Şeýle-de gurluşyk işlerinde «ýaşyl» tehnologiýalar göz öňünde tutulyp, daşky gurşawyň a

Iri taslamalarda ýaşlara ynam

Arkadag şäheriniň ähli döwrebap amatlyklary özünde jemlemegi üçin tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu taryhy we döwletli işlerde ýaşlara, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplaryna ýokary ynam bildirýär. Täze şäheriň bezeg işleri üçin bu ýokary okuw mekdebi tarapyndan taslama işleriniň birnäçesi ýerine ýetirildi we bu işler yzygiderli dowam etdirilýär. Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary tarapyndan Arkadag şäheriniň çatryklarydyr ýanýodalarynda ýurdumyzyň bagtyýar durmuşyny suratlandyrýan milli çeper bezeg taslamalary, ýerasty geçelgelerde ahalteke bedewlerimizi we gök asmanyň astynda erkana uçýan durnalary suratlandyrýan mozaika işleriniň taslamalary taýýarlanyldy. Şeýle-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň daşky görnüşinde ýerleşdirilen taryhy şahsyýetlerimiziň we binagärlik ýadygärlikleriň şekillerinden düzülen mozaika bezegi hem çeperçilik akademiýanyň talyplaryna degişli. Arkadag şäheriniň köprüsiniň germewinde gadymy Parfiýa medeniýetiniň şöhratyny alamatlandyrýan ganatly bedewlerimiziň şekilleri ornaşdyrylan ritonlaryň goýulmagy bu topragyň taryhy sahypasyny açyp görkezýän nyşan hökmünde girizildi. Bu bolsa häzirki döwürde ösüp gelýän ýaş neslimiziň Watanymyzyň medeni gymmatlyklaryna bolan sarpasyny has hem beýgeltmek üçindir.

Gözelligiň gujagy

Şol gün ähli işlerim ugruna boldy. Ir bilen ýola çykdym. Tämiz howa, arassa asman, mylaýym bakyşly adamlar. Ynsanlaryň gözlerinde bagt nury uçganaklaýar. Ýola düşdük. Aýna ýaly ýollardan ýelk ýasap, uçup gaýdan ýeňil awtoulag barmaly menziline ýetensoň sägindi. Ynha-da, öňümde heňňamlaryň hakykatyny, arzuwlaryň wysalyny, maksatlaryň myradyny özünde jemleýän Arkadag şäheri. Şahyr aýtmyşlaýyn söýgi bilen ýazylan sözler has üýtgeşik bolýar. Emma men muny başgaçarak edip aýdasym gelýär: söýgi bilen zehinden gurlan şäherler deňsiz-taýsyz gözellikdir.

Çempiondan mynasyp başlangyç

Geçen ýylyň baharynda döredilip, ilkinji möwsümini goşa baýrak bilen jemlän, gyşda Türkiýe Respublikasynda we Birleşen Arap Emirliklerinde geçiren okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň güýçli toparlarynyň birnäçesi bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirip, halkara tejribesini artdyran «Arkadag» futbol topary ýurdumyzyň çempionatynyň täze möwsümine hem üstünlikli girişdi. 3-nji martda başlanan täze möwsümde topar eýýäm iki ýeňiş gazanyp, ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyna çenli beýgeldi. Täze möwsümiň açylyş tapgyrynda dynç alan ýurdumyzyň «akylly» şäheriniň adybir futbol topary 2-nji tapgyrda geçen möwsümiň kümüş medalynyň eýesi — paýtagtyň «Altyn asyr» futbol toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Toparyň kapitany Arslanmyrat Amanow duşuşygyň 14-nji minutynda tapawutlanyp, «Arkadag» futbol toparynyň düzüminde täze möwsümde ilkinji goly geçirmegi başaran futbolçy boldy. Şondan soň 27-nji minutda Didar Durdyýew, 82-nji minutda bolsa Altymyrat Annadurdyýew tapawutlanyp, çempionyň möwsüme mynasyp girişmegine şert döretdiler.

Nowruz

Ýylyň nowruz möwsümi Milli bahar baýramy bilen başlanýar. Pederlerimiziň ýöreden hasabyna görä, nowruz möwsümi 21-nji martdan başlanýar. Bellenişi ýaly, nowruz sözi «now» — täze hem-de «ruz» — gün diýen sözlerden emele gelipdir. Ata-babalarymyz ýazyň gelmegini täzelenişiň baýramy, täze ýylyň başlangyjy hasaplapdyrlar. Taryha ser salsaň, bu baýramyň ilki sümerler tarapyndan bellenilendigi baradaky maglumatlara gabat gelmek bolýar. Sümerler Nowruz baýramyny «Akitil» diýip atlandyrypdyrlar. «Til» sözi sümer dilinde «ýaşamak» we «dünýä gelmek» diýen manyny beripdir. Nowruzyň äleme gelmegi bilen janlanyşyň, täze ýaşaýşyň başlanýandygy barada Magtymguly atamyz «Duman peýda» şygrynda «Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda...» diýip belleýär.

«Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda...»

Hormatly Prezidentimiz Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Nowruz baýramy ynsan kalbynda ýagşy häsiýetleri we hoşniýetli duýgulary terbiýeleýär, tebigata, durmuşa, parahatçylyga söýgi döredýär.

Oba hojalygynda möhüm möwsüm

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda, ilki bilen, welaýat häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Hasabatlarda şu ýylyň hasyly üçin zerur işler geçirilýändigi, 16-njy martda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, oba hojalyk pudagy üçin möhüm möwsümiň ýetip gelendigine ünsi çekdi hem-de şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini berk gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk teleýaýlymyna beren interwýusy

«TRT Haber» teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmet Görmez Gahryman Arkadagymyz bilen söhbetdeş boldy — Siziň Alyhezretiňiz, Milli Lider, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Arkadag! Ilki bilen, işiňiziň örän köpdügine garamazdan, interwýu bermäge wagt tapandygyňyz üçin Size minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Siz görnükli syýasatçy, döwlet işgäri hökmünde türki döwletleriň hyzmatdaşlygynyň möhümdigini hemişe belleýärsiňiz. Bu näme bilen baglanyşykly? Siz bu işi, onuň mümkinçiliklerini, şunda Türkmenistanyň ornuny nähili görýärsiňiz?

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşykdaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji marty) Hormatly aksakgallar!

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi hakynda BEÝANAT

Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 11-12-nji martynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň ýaşululary gatnaşdylar. Taraplar aç-açanlyk, dostlukly, netijeli ýagdaýda özara gyzyklanma bildirilýän has möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar. Ýaşulular söwda, ykdysadyýet, medeniýet, bilim, ýaşlar syýasaty we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümliginiň artýandygyny beýan etdiler.

«Çar tarapdan myhmany bar...»

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşanlar sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine aýlanyp gördüler. Ilki bilen, myhmanlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, türkmen bedewlerini synladylar. Soňra Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde sahna ussatlarynyň at üstündäki çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Diplomatiýa forumy: hyzmatdaşlyga täze mazmun

Heňňamlar döwri, eýýamlar döwleti, döwranlar beýik şahsyýetleri öňe çykarýar. Bäş müň ýyllyk taryha eýe bolan, köküni taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan döwletimiz ähli döwürlerde-de türkmene mahsus diplomatik ýörelgelerine eýeripdir. Häzirki döwürde pederlerimiziň paýhasly ýollaryny halkara giňişlige çykaryp, ata Watanymyzyň at-abraýyny belende göterip, dünýäde giňden ykrar edilen Lider — Gahryman Arkadagymyzyň dürli ýyllarda öňe süren daşary syýasy başlangyçlary ählumumy goldawa eýe bolýar. Muny bahar paslynyň ilkinji günlerinde, Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran sapary we Antalýa diplomatiýa forumynda eden taryhy çykyşy hem aýdyň subut edýär.

Lebap sement zawodynyň kuwwaty artýar

Düýn hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň fewralynda açylan Lebap sement zawody bu ugurda nusgalyk önümçilik desgasydyr. Bu iri kärhana täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň hem durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine goşant goşýar.

Bu jennetdir...

Il içinde jaýdar deňeşdirmeler arkaly jüpüne düşen sözler uzak ýaşaýar. Şabendäniň birwagtlar «Bu jennetdir» diýen wasply sözleri, gel-gel, şu günler özüňden bidin diliňe geliberýär. Goşgy bagşylarymyz tarapyndan az-kem özgerdilenem bolsa, biziň aýtjak bolýan pikirimizde asyl manysy boýunça has jüpleşen hasaplaýarys. Halkymyz öňdenem sungatsöýer bolansoň, bu aýdym has hem meşhur.

Mukaddes, mübärek aý

Biziň kalby sahawatly halkymyz musulman äleminiň göwher aýy Remezany her ýyly baýramçylyk ruhy bilen garşy alýar. Şükranalygy, ruhy päkligi, dostlugy, belent adamkärçiligi, ýagşylygy rowaçlandyrýan bu aýyň musulman äleminiň päkize asmanynda dogmagy bilen halkymyzda adaty bolmadyk ruhy galkynma emele gelmegi-de hut şonuň üçindir. Taryh — geçmişiň aýnasy. Oraza aýynyň mazmunyny we dessurlaryny her bir halkyň müňýyllyklaryň dowamynda baý durmuş tejribesi esasynda kämilleşdirip, nesilden-nesle geçirip gelýän belent ynsanperwer ýörelgeleriniň, ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň, ynanç-ygtykatlarynyň emele getirýändigi mälimdir. Bu ugurda biziň halkymyzda gymmatly edebi hem taryhy çeşmeler jemlenipdir. Şeýle edebi nusgalaryň käbirine garap geçeliň.

Aýyň ýagşysynda

Geçen ýekşenbede Arkadag şäherinde ilkinji gezek mukaddes Oraza aýy garşy alyndy. Şol gün agşamara täze şäherde çagalaryň «Ýaremezan!..» diýýän sesleri çar tarapy gurşady. Remezan aýy hijri-kamary senenamasynyň dokuzynjy aýydyr. Ol türkmençilikde Oraza aýy diýip hem atlandyrylýar. Oraza diňe bir agyz beklenýän aý bolman, eýsem, ol ruhy arassalygyň we päkligiň nyşanydyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy aýtmyşlaýyn, «aýyň ýagşysy» hasaplanýan Oraza aýyna ähli musulman halklary bilen birlikde türkmen halky hem sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Oraza aýynyň buşlukçysy bolsa, çagalaryň ýaremezana aýlanmasydyr. Agşamara täze Aý dogansoň, çagalaryň goňşy öýlere ýaremezana aýlanmaklary ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpleriň biridir. Çünki çagalaryň aýdýan ýaremezanlarynda baran öýleriniň maşgala ojagyna ýagşy dileglerdir arzuwlar bar.

Haýyr-sahawatly işler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işler durmuşa geçirilýär. 24-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäginde Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ýaşaýan saglygyny dikeltmek üçin kömege mätäç çagalaryň bu merkezde saglygyny dikeltmek boýunça geçirilmeli işleriniň meýilnamasyny tassyklady.

Akyldaryň ynsanperwer ýörelgesi

Magtymguly özüniň ynsanperwer pikirleri bilen tutuş adamzadyň ýaşaýyş-durmuşynda uly edebi orna mynasyp mekdep döretdi. XVIII asyryň türkmen jemgyýetçilik durmuşynyň ýüzüni parasatlylyga, adalatlylyga, ynsanperwerlige, agzybirlige, rehimdarlyga çagyrýan eserler bilen täzelän Magtymgulynyň döredijilik dünýäsi umman ýaly çuň, asman ýaly giň.

«Döwlet adam üçindir!»

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady alan, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren zenanlara Arkadag şäherinde gurlan, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. 7-nji martda ýurdumyzyň ajaýyp dag tebigaty bilen bir bitewi sazlaşykda gurlan «akylly» şäheriň Muhammet Ataýew köçesiniň 1-nji jaýy toý lybasyna bürendi. Bu baýramçylyk çäresine Arkadag şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň häkimlikleriniň işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Arkadag şäher we Ahal welaýat hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, halk köpçüligi, jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary gatnaşdylar.

Şahyr sarpasy belentde

Öňňin Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda «Hormatly Prezidentimiz beýik akyldaryň döredijiligine ýokary baha berýär» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň guramagyndaky bu çärä ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary, bagşy-sazandalary gatnaşdylar.