Gözelligiň gujagy

20 Mart 2024
514

Şol gün ähli işlerim ugruna boldy. Ir bilen ýola çykdym. Tämiz howa, arassa asman, mylaýym bakyşly adamlar. Ynsanlaryň gözlerinde bagt nury uçganaklaýar. Ýola düşdük. Aýna ýaly ýollardan ýelk ýasap, uçup gaýdan ýeňil awtoulag barmaly menziline ýetensoň sägindi. Ynha-da, öňümde heňňamlaryň hakykatyny, arzuwlaryň wysalyny, maksatlaryň myradyny özünde jemleýän Arkadag şäheri.

Şahyr aýtmyşlaýyn söýgi bilen ýazylan sözler has üýtgeşik bolýar. Emma men muny başgaçarak edip aýdasym gelýär: söýgi bilen zehinden gurlan şäherler deňsiz-taýsyz gözellikdir.

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.