«Çar tarapdan myhmany bar...»

14 Mart 2024
263

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşanlar sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine aýlanyp gördüler.

Ilki bilen, myhmanlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, türkmen bedewlerini synladylar. Soňra Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde sahna ussatlarynyň at üstündäki çykyşlaryna tomaşa etdiler.