Lebap sement zawodynyň kuwwaty artýar

14 Mart 2024
409

Düýn hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň fewralynda açylan Lebap sement zawody bu ugurda nusgalyk önümçilik desgasydyr. Bu iri kärhana täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň hem durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine goşant goşýar.

«Arkadag».