«Döwlet adam üçindir!»

14 Mart 2024
205

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady alan, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren zenanlara Arkadag şäherinde gurlan, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.

7-nji martda ýurdumyzyň ajaýyp dag tebigaty bilen bir bitewi sazlaşykda gurlan «akylly» şäheriň Muhammet Ataýew köçesiniň 1-nji jaýy toý lybasyna bürendi. Bu baýramçylyk çäresine Arkadag şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň häkimlikleriniň işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Arkadag şäher we Ahal welaýat hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, halk köpçüligi, jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary gatnaşdylar.

Çaryberdi REJEBOW.
«Arkadag».