Bagtyýarlygyň şuglasy

9 Sentýabr 2021
1278

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyz ösýär, Watanymyz gülleýär. Eziz Diýarymyzyň parahatlygy, ilimiziň abadanlygy, işlerimiziň rowaçlygy, geljegimiziň aýdyňlygy, bagtyýar durmuşymyzdan habar berýär. Bu beýik döwür, bu şöhratly eýýam türkmen halkynyň öňe çykaran kämil döwlet syýasatyny, asudalyk we parahatçylyk ýörelgesini täze çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz beýleki döwletler we halklar bilen mähirli, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de ösdürmegi wajyp ugurlaryň hatarynda goýýar. Bu ählumumy ykrarnama eýe bolýan parasatly ýörelge ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny kesgitleýär. Şoňa laýyklykda, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri hem-de şol sanda iri halkara guramalary bilen diňe bir özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak bilen çäklenmän, ilkinji nobatda, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat derejesinde bähbitli bolmagy ugrundaky tagallalary edýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden, pähim-paýhasyndan kemal tapan il-ýurt bähbitli giň gerimli özgertmeleriň maksadalaýyk durmuşa geçirilýändigine we şonuň netijesinde eziz Diýarymyzyň aýdyň geljegi nazarlap, ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dürli baýramçylyk çäreleriniň giň gerime eýe bolýan häzirki günlerinde toý şatlygy bilen gurşalan buýsançly kalbymyz joşa gelip, bagtyýarlygy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan edýär.

Täçnabat GULBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.