Türkmen-täjik dostluk-doganlyk gatnaşyklary

4 Aprel 2024
423

Häzirki döwürde juda belent sepgitlere ýeten türkmen-täjik gatnaşyklary öz köküni taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Ýyl-ýyldan rowaçlanýan doganlyk gatnaşyklarynyň aňyrsynda asyrlaryň dowamynda goňşy ýaşan iki milletiň arasyndaky birek-birege sarpa goýmak, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýaly asylly häsiýetler ýatyr.

Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny gazanmagynyň yzysüre, ýagny 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hakynda Tertipnama gol çekmek arkaly Täjigistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şondan bäri hem döwletimiz deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň esasynda gatnaşyklaryny sazlaşykly alyp barýar. Häzirki wagtda Türkmenistan we Täjigistan Merkezi Aziýada parahatçylygy pugta berkidip, ony sazlaşykly ösýän sebite öwürmek maksadyna gulluk edýär. Bu ugurda BMG-niň, GDA-nyň, YHG-nyň, ÝHHG-niň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we beýleki köp sanly halkara guramalaryň çäginde birek-biregiň teklipdir başlangyçlaryny goldap çykyş edýärler. Şeýle-de Täjigistanyň türkmen tarapyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň 20-siniň awtordaşy bolup çykyş etmegi aýratyn bellärliklidir.

Aşyr SAPAROW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.