Kanunçylyk we döwrebaplyk

4 Aprel 2024
252

Raýatlaryň hukuk düşünjeliligini artdyrmak hem-de gyzyklandyrýan kadalaşdyryjy hukuk namalary çalt we aňsat usulda gözläp tapmagyna ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan «Adalat» elektron maglumatlar toplumy programmasy döredildi. Bu programma kadalaşdyryjy hukuk namalary barada maglumatlary özünde jemleýär.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2018-nji ýyldan bäri, 1990 — 2024-nji ýyllar aralygynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň, Türkmenistanyň kodeksleriniň, Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlarynyň we Kararlarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň, şeýle hem 1995 — 2024-nji ýyllar aralygynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň soňky girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen üsti ýetirilen ýagdaýyndaky maglumatlary özünde jemleýän «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasy taýýarlanylyp, fiziki we ýuridik şahslaryň şol programmadan peýdalanmaklary üçin mümkinçilikler döredildi.

Perhat ILMYRADOW,
Arkadag şäheriniň Adalat müdirliginiň esasy maslahatçysy, 3-nji derejeli ýurist.