Köpetdagyň eteginde janly tebigatyň milli muzeýi

18 Aprel 2024
222

Daşky gurşawy goramaga, tebigatyň täsin baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga we olary aýawly saklamaga, biodürlüligi köpeltmäge hem-de olary geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilen işleriň iňňän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde bolsa ýurdumyzda bar bolan haýwanat baglaryna uly orun berilýär.

Ýurdumyzyň taryhynda «Haýwanat bagy» ilkinji gezek baryp, 1955-nji ýylda döredilýär. Ol Aşgabat şäherinde gurlup, tutýan meýdany onçakly giň bolmandyr. Saklanylyp idedilýän jandarlaryň baş sany 1953-e deň bolup, olar 110 görnüşden ybarat bolupdyr.

Döwletmyrat ANNAMÄMMEDOW,
Aşgabat şäher häkimliginiň Janly tebigatyň milli muzeýiniň kiçi ylmy işgäri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.