Dünýäniň danasy, paýhas köprüsi

1 Maý 2024
315

Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň ýa-da Gündogaryň däl, eýsem, umumadamzadyň akyldar şahyrydyr. Onuň jöwher paýhasyndan kemal tapan dürdäne şygyrlary üstünden ençeme asyrlar geçse-de, könelmeýän paýhas bolup bütin köňüllerde ýaşaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşme» diýip, akyldar şahyrymyza beýik baha berýär. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrmagy ähmiýeti taýdan çuňňur mazmuna eýelik edýän ajaýyp taglym boldy. Hakykatdan-da, dünýä jemgyýetçiligi Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine hem-de onuň dürdäne şygyrlaryny we filosofik garaýyşlaryny öwrenmäge uly isleg bildirýärler. Çünki akyldar, öňdengörüji dananyň şahyrana dünýäsinde jemlenen filosofiýa, dünýägaraýyş we goldanylýan gowulyklar bir milletiň ruhy çäginden juda giň bolup, ol umumadamzat üçin niýetlenen, sözlenen ajaýyp kelamlardyr.

Has buýsançly ýagdaý hem akyldara bagyşlanan dabaradyr ylmy-amaly maslahatlar diňe bir öz Watanymyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde hem giň gerim alýar. Magtymguly Pyragynyň goşgulary dürli dillere terjime edilýär. Dünýä alymlarynyň we filosoflarynyň bellemegine görä, Magtymguly bir asyra ýa-da ömre sygardan beýik akyldardyr. Ol geçmişi şu gün we şu güni bolsa, röwşen erteler bilen baglanyşdyrýan paýhas köprüsidir. Onuň dürdäne şygyrlary adamzat paýhasynyň goldaýan ähli hakykatlaryny özünde jemlemek, ynsana durmuşy hakykat nazarynda düşündirmek bilen ähli ýüreklerde ýer alýar. Şahyryň sözleri, jümleleri nakyl derejesinde biziň durmuşymyzda uly mazmuna eýe bolan mizemez ýol-ýörelgämizdir. Beýik Magtymgulynyň hormatyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Umyt BAÝRAMALYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.