Nazar ANNANIÝAZOW, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň tohumçylyk boýunça baş hünärmeni, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy:

28 Aprel 2024
308

— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly meniň durmuşymda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Sebäbi maňa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakdy. Asuda Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Şeýle toýly günleriň biri hem her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramydyr. Biz — atşynaslar bu toýy her ýylda ýokary derejede taýýarlykly garşylaýarys. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen giň şertler, mümkinçilikler döredilýär. Ine, ýaňy-ýakynda-da Milli Liderimiz bedew atlar bilen didarlaşyp, täze doglan taýçanaga Şahyr diýip at dakdy. Bu bolsa sözde, sazda waspy ýetirilýän türkmen bedewiniň şan-şöhratyny ýene bir gez belende göterdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen bedewlerine berilýän üns, alada, olaryň arassa ganlylygynyň goraglylygy hem-de köpeltmek işleri has hem ilerleýär. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.