"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasyna bardy

Aşgabat, 21-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi. Milli Liderimiz Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtymyzdaky ilçihanasyna gelip, bu ýerde goňşy ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen gürrüňdeş boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlik, deňhukuklyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutana hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ýakynda dostlukly Tatarystana amala aşyrylan saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň mähirli kabul edilendigi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2024» halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

«Arkadag» topary öňdeligi saklaýar

18-nji maýda ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň 16-njy tapgyrynda Marynyň «Energetigini» kabul eden «Arkadag» topary 6-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýnuň 30-njy minudynda Resul Hojaýewiň garşydaş derwezä geçiren goly bilen hasap açyldy. Ondan bary-ýogy 5 minut soň Arzuwguly Sapargulyýewiň derwezä gönükdiren pökgisi «Arkadagy» 2-0 öňe saýlady. 47, 49-njy minutlarda bolsa, gol sany bilen tapawutlanmagy başarýan Didar Durdyýew 2 iki goly öz adyna ýazdyrdy. Begmyrat Baýow 51-nji minutda tapawutlanan bolsa, oýnuň ahyrky nokadyny Mekan Saparow 77-nji minutda geçiren goly bilen goýdy. Maglumat üçin bellesek, bu möwsümde «Arkadag» futbol topary jemi 14 duşuşyk geçirip, ol oýunlaryň ählisini ýeňiş bilen tamamlady.

Onuň Alyhezreti, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany jenap R.N.MINNIHANOWA

Hormatly Rustam Nurgaliýewiç! Ilki bilen, dostlukly Tatarystana gelip görmäge çakylygyňyz üçin Size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

Konstitusiýa we Döwlet baýdagy — Watanymyzyň mukaddes nyşanlary

Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly çärelere gatnaşdy Aşgabat, 18-nji maý (TDH). Şu gün goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 18-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de myhman akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly buýsançdygyny belläp, hormatly Prezidentimizi şanly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlady.

«Açyk gapylar» güni

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda sagat 15:00-da 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby bölümiň esgerlerini, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar «Açyk gapylar» gününde bagtyýar ýaşlarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň akademiýamyzda durmuşa geçirilişi, atçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tejribe we barlaghana otaglary, kitaphana we muzeý binasy, açyk we ýapyk manežleri, athana, sport toplumynyň işi, talyplaryň okuw we ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy baradaky giňişleýin maglumatlary www.ihba.edu.tm web saýtyndan hem görüp bilersiňiz.

Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi

Aşgabat, 17-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahat geçirildi. Forum başlamazyndan ozal, Maslahat köşgünde hormatly myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa garşylady. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy hanym Şen Ýueýueni gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda, Watanymyzyň paýtagty Aşgabatda mähirli mübärekläp, “Toýlar toýa ulaşýar” diýlişi ýaly, şu günler biziň ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji maýy) Eziz watandaşlar!Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Beýik Magtymgulynyň ýadygärligi belentden seleňläp görünýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy Aşgabat, 17-nji maý (TDH). Şu gün agşam paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi agzybirligimizi we bitewüligimizi alamatlandyrýan, demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Baýramlarymyzyň baýramlara, toýlarymyzyň toýlara ulaşýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem, däp bolşy ýaly, bu baýram mynasybetli geçiriljek dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşler ýoly bilen beýik geljege tarap ynamly öňe barýan mähriban halkymyzda ýatdan çykmajak buýsançly duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn.

Magtymguly we Gahryman Arkadag

Bagta sary uzap ýollar,Aladalar ýatdan çykdy.Yzda galdy ýowuz ýyllar. Gussalary bagry kesen,Ýitgileri ýeňip geçip,Ýaşaýarys aman-esen.

Arkadagly nesiller atşynaslyk mekdebinde

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaş nesliň milli atşynaslyk ýörelgelerine ygrarly bolmagynyň guwandyryjy ýagdaýdygyny aýdyp, täze, ýaş atşynaslar toparyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu topara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan goldaw berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Kazan şäheri, 2024-nji ýylyň 15-nji maýy) Hormatly Rustam Nurgaliýewiç!

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ruhubelentlikde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak, halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyndaky çykyşy

(Kazan şäheri, 2024-nji ýylyň 16-njy maýy) Hormatly Rustam Nurgaliýewiç!

«Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna...»

Ýurdumyzda toýlar dowamly tutulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlaryň gabarasy has-da üýtgeşik. Çünki üstümizdäki ýylyň dana akyldarymyzyň ady bilen baglydygy-da köp zady aýan edýär. Çawy dünýä ýaýran Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen akyldary bolman, umumadamzat şahyrydyr. Şonuň üçin doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly toýuny ençeme halklar, ençeme döwletler toýlaýarlar. Akyldaryň düre deňelýän şygyrlaryny öz dillerine terjime edip, okyjylar köpçüligine ýetirýärler, ozal terjime edilenlerini gaýtadan neşir etdirýärler. Şahyryň şanly senesi mynasybetli dabaraly çäreleri geçirýärler. Düýn Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda ýaýbaňlanan dabaraly çäreler Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahat bilen başlandy. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen bu maslahatda hormatly Prezidentimiziň gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Onda Gündogaryň beýik danasynyň çuňňur paýhasynyň, filosofiýasynyň umumadamzat gymmatlygydygy nygtaldy. Pyragyny dünýä jemgyýetçiligine has ýakyndan tanatmagyň, döredijiligini öwrenmegiň ünsden düşürilmän, häzirki depginde dowam etmegiň zerurlygy barada aýdyldy.

«Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy»

Çynar RUSTEMOWA,Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary.

«Ýaşyl tuguň pasyrdysy ýüregime owsun berer»

Baýdak diňe bir döwlet nyşany däldir, halkyň milli buýsanjydyr. Ata-babalarymyz ar-namysa deňäp, oňa tagzym edipdirler. Baýdagyň belentde parlap durmagy halkyň abraý-mertebesiniň belentligidir, ýurduň abadançylygynyň, beýik ösüşleriniň dabaralanmagydyr. Şonuň üçin hem halkymyz baýdaga «Mertebe tugy» diýýär. Merdana esgeriň, harby gullukçynyň mukaddes ýaşyl tugumyzy maňlaýa sylyp, watançylyk kasamyny kabul edişini, dünýäniň iri sport ýaryşynda öňe saýlanan türkmen türgenleriniň Döwlet baýdagymyzy Döwlet senasynyň astynda belende galdyrýandygyny synlap, mukaddes watançylyk duýgusy kalbyňa dolýar. Ýüregiňi joşa getirýär, ata ýurduňa, halkyňa bolan söýgiňi has-da artdyrýar. Bir hakykaty buýsanç bilen belläp bolar. Türkmenistanyň Döwlet senasyndaky «Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde!» diýen belent ruhly setiri ýadymyza salanymyzda-da, belent buýsanjymyz, Watana bolan söýgimiz göwnümizi has-da joşa getirýär.

Berkararlygyň sarsmaz sütüni

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze ösüş taryhynyň kepili, ilkinji we hemişelik nyşanlary bolan Konstitusiýamyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň ruhlandyryjy güýji mähriban halkymyzy şan-şöhratly ýol bilen öňe — ajaýyp geljege alyp barýar. Döwletliligiň baş alamatlary bolan Konstitusiýamyz, ýaşyl tugumyz ähli ösüşlerimiziň gözbaşydyr. Konstitusiýa sözi «constitutio» diýen latyn sözden emele gelip, «gurmak, dikeltmek, döretmek» diýen manylary aňladýar. Hut şu jähetden alanyňda hem Türkmenistanyň taryhy döwri döwletliligiň, jemgyýetimiziň gurluşynyň hukuk esaslaryny kesgitleýän Konstitusiýamyzyň ornuny, ähmiýetini has aýdyň ýüze çykardy. Halkyň paýhasyny, geljege ymtylyşlaryny ýüze çykarmagyň, goldamagyň, kanunlar bilen berkitmegiň esasy bolan Konstitusiýamyz ýurdy ösdürmegiň taryhy ýollaryny salgy berýän baş ýörelgämiz bolsa, Döwlet baýdagymyz hemme ugurlarda üstünliklere, ýeňişlere ruhlandyrýan köňül buýsanjymyzdyr.