Arkadagly nesiller atşynaslyk mekdebinde

18 Maý 2024
144

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaş nesliň milli atşynaslyk ýörelgelerine ygrarly bolmagynyň guwandyryjy ýagdaýdygyny aýdyp, täze, ýaş atşynaslar toparyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu topara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan goldaw berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

«Arkadag»