Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

20 Maý 2024
166

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlik, deňhukuklyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutana hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ýakynda dostlukly Tatarystana amala aşyrylan saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň mähirli kabul edilendigi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2024» halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.