Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi

18 Maý 2024
168

Aşgabat, 17-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahat geçirildi.

Forum başlamazyndan ozal, Maslahat köşgünde hormatly myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa garşylady. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy hanym Şen Ýueýueni gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda, Watanymyzyň paýtagty Aşgabatda mähirli mübärekläp, “Toýlar toýa ulaşýar” diýlişi ýaly, şu günler biziň ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini aýtdy.