Toparyň nobatdaky üstünligi

16 Maý 2024
404

Ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň 15-nji tapgyryň oýnunda «Arkadag» topary «Köpetdag» toparynyň myhmany boldy. Oýnuň ilkinji on minudynda üç gol hasaba alyndy. Şamämmet Hydyrowyň 6-njy minutdaky goly bilen  Arkadag şäheriniň adybir topary oýnuň hasabyny açdy. Yzysüre 7-nji minutda bolsa, ýene şol topardan Arslanmyrat Amanow tapawutlandy. «Köpetdag» 9-njy minutda Baýramhan Kadyrowyň goly bilen tapawudy azaldanam bolsa, hasaby deňlemek başartmady. Deregine şondan soňra-da «Arkadagdan» üç gol geldi. 18-nji minutda Arslanmyrat Amanow, 24-nji, 60-njy minutlarda Begenç Akmämmedow tapawutlandy.

Şeýlelik bilen, oýunda doly üstün oýnan çempionlar 5-1 hasabynda ýeňiş gazandy we utuklarynyň sanyny 39-a çykaryp,  öňdäki ornuny has-da berkitdi.