«Akylly» şäheriň döwrebap binasy

18 Maý 2024
304

«Akylly» şäher taslamasyny özünde jemleýän Arkadag şäheriniň Adalat müdirliginde ýurdumyzda milli kanunçylygy kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Binada Arkadag şäheriniň Adalat müdirligi, Arkadag şäheriniň döwlet notarial edarasy, Arkadag şäheriniň Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky müdirligi hem-de Arkadag şäheriniň raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölümi bar. Mundan başga-da, bu ýerde häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän döwrebap kitaphana, muzeý, multimediýa otagy, ýygnak zallary, arhiw otaglary we 150 orunlyk mejlisler zaly bar.

Perhat ILMYRADOW,
Arkadag şäheriniň Adalat müdirliginiň esasy maslahatçysy, 3-nji derejeli ýurist.