Döwletliligiň baky buýsanjy

15 Maý 2024
275

Ýakynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Milli döwletliligimiziň synmaz sütünleri ⸺ ýaşlaryň baky buýsanjy» atly baýramçylyk maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagyndaky bu baýramçylyk maslahaty ady agzalan okuw mekdebiniň eýwanyndaky sergini synlamak bilen başlandy. Şeýle-de Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdym-sazlary belentden ýaňlandy.