«Berkarar döwlet istärin»

15 Maý 2024
261

Şeýle at bilen geçen anna güni Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi tarapyndan guralan bu çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kitaphanaçylar, orta mekdepleriň mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň halk aýdym-sazly topary ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler.