Arkadagdan arkaly nesiller

30 Maý 2024
441

Halylmyrat Kakadurdyýew şu ýyl Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi bolmagy başardy. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyrynda bolsa abraýly orna mynasyp boldy. Bary-ýogy ikinji synp okuwçysyny köpüň içinden parhlandyryp öňe çykaran zat nämekä?!

Ýiti zehin. Halylmyradyň üç-dört ýaşlaryndaky aýdan aýdymlarynyň şekilli ýazgysyna tomaşa etmeseň, ikirjiňlenäýmede biçem däl. Öýlerinde raýyna garalýan çagadygyny görseňiz bilersiňiz. Saz gurallary diýjekmi, abzallaşdyrylan otag diýjekmi... Kakasy Çarymyrat bilen ejesi Aýjeren balalarynyň arzuwlarynyň wysala gowuşmagy üçin ellerinden gelenini edýärler. Bu işde has-da Aýjeren janypkeş. Onuň aýdyşyna görä, Akgoňur obasyndaky toýlarda ogluna aýdym aýtdyrmak üçin toýuň ahyrlaryna garaşan gezekleri kän eken. Halylmyradyň aýdym aýdyp bilmedik toýlaryndan kes-kelläm gaýtmajak bolşuna-da köp gezek şaýat bolan. Aýjeren şu zatlary gürrüň berýärkä, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini gaýta-gaýta dile getirýär. Onuňam sebäbi bar. Dogabitdi şikesliräk çaganyň ugruna köpräk seredilegen bolýar. Maşgaladaky iki ogluň kiçisi Halylmyrat şolaryň biri. Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna saglygyny dikeldýänçä, ýaşajyk aýdymçynyň naharyny hem agzyna tutduryp iýdiripdirler. Çemçe, galam tutup bilmändir. Indi welin Halylmyrada «tüweleme» diýibermeli. Halylmyradyň hossarlary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alaly bäri saglygynyň göz-görtele gowulaşandygyny aýdýarlar. Aýdym-saz sungatyna has-da imrinmegine-de ýene-de şu gazna sebäp. Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize aýdym aýdyp bermegi, bile surata düşmegi arzuwlan oglanjygyň isleginiň biri geçen ýylyň dekabrynda hasyl bolýar. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralan çärä gatnaşan Gahryman Arkadagymyzyň ýanynda aýdym aýtmagy onuň arzuwlaryna aýny wagty goltgy bolýar.

Nowruz ÝEGENMYRADOW.
«Arkadag».