Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary

17 Iýun 2024
234

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem oba hojalygy pudagynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunda oba zähmetkeşleriniň netijeli işiniň ýola goýulmagyna zerur üns berilýär. Daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmek meselesine berýän hemişelik ünsi bugdaýyň, beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna ýardam edýär.