Gündogaryň beýik akyldarynyň golýazmalary

3 Iýul 2024
233

Bize belli bolşy ýaly, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda 10 müňden gowrak golýazma saklanýar. Şolaryň 60 göterimi türkmen dilindäki golýazmalar. Galanlary bolsa, arap, pars we beýleki dillerde. Şolaryň içinde iň köpüsi hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalary bolup, olar 400-e golaýlaýar. Bularyň 80-si şahyryň diwanyna degişli, galanlary ýygyndylarda-beýazlarda duş gelýär. Aslynda, dünýä boýunça akyldar şahyrymyzyň ylma mälim bolan 120 sany diwany bar, şonuň 80-si biziň golýazmalar hazynamyzda saklanýar.

Magtymguly Pyragynyň eserleri, esasan, XVIII asyrdan başlap, XIX asyryň ahyrlaryna çenli kätipler tarapyndan göçürilip halka ýetirilipdir. Hatda kätipler özi ýaşap ýören döwründe hem şahyryň golýazmasyny göçürip, halka ýaýradypdyrlar. Muňa Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanýan 400-nji bukjadaky Magtymguly Pyragynyň diwanynyň senesiniň 1779-njy ýyl bilen belgilenmegi, şeýle-de 377-nji bukjadaky golýazmanyň senesiniň 1797-nji ýyl bilen senelenmegi mysaldyr.

Gurbangül GUZUÇYÝEWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň doktory.