"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gahryman Arkadagymyzyň «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitabyndan:

— Sport biziň döwlet syýasatymyzyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sporty ösdürmek döwletiň ählumumy ösüşleriniň esasy mazmunynyň beýanydyr. * * *

«Biz Watanyň balasy...»

Geçen ýylda Arkadag şäherinde birnäçe bilim ojaklary açylyp ulanmaga berildi. Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mekdebe çenli bölümi hem olaryň biri. Çagalar bagymyzda bilim işiniň guralyşy tassyklanan okuw meýilnamalary, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy, okuw sapaklarynyň tertibi bilen düzgünleşdirilýär. Çagalar bagyna psihologlardan, tejribeli mugallymlardan ybarat bolan iş toparyň netijenamasynyň esasynda senenama ýylynda 3 ýaşyny doldurýan çagalar kabul edilýär. Mekdebe çenli bölümde bilim bermek işi Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan gün tertibine, okuw meýilnamalaryna, okuw maksatnamalaryna we degişli iş resminamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Mekdeplerde halyçylyk sungaty

Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ýokary ahlakly, sowatly, giň dünýägaraýyşly, hünärli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin mugallymlar we bilim işgärleri irginsiz zähmet çekýärler. Muny Arkadag şäherindäki umumybilim berýän orta mekdeplerde alnyp barylýan işler aýdyň mysaldyr. «Akylly» şäheriň orta mekdeplerinde okuwdan daşary ýörite gurnaklar hereket edýär. Şolaryň biri hem okuwçy gyzlara hünär öwredýän haly gurnagydyr. Bu gurnaga gatnaýan okuwçy gyzlara ýörite hünär otagynda, ilki bilen, zähmet howpsuzlyk düzgünlerini düşündirýäris. Şeýle-de haly gurallary bolan synny, gaýçy, keser, dokma darak bilen tanyşdyrýarys. Sapakda haly dokamakda gurallaryň ulanylyş düzgünleriniň berjaý edilişi barada öwredilýär.

Yhlas ýürekden bolanda...

Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda Jennet Annamyradowanyň ahalteke bedewlerine söýgüsi barada örän gyzykly beýan edilýär. Şol sebäpli-de, ykbaly atçylygyň mekany bolan Arkadag şäherine alyp gelen, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar kafedrasynyň müdiri wezipesinde işleýän Jennet mugallym bilen söhbetdeşlik taýýarlap, okyjylara ýetirmegi göwne makul hasapladyk. — Jennet mugallym, özüňiz barada, atçylygy, sirk sungatyny saýlamagyňyzyň sebäpleri barada gürrüň beräýseňiz?

«Her sözüm bir dürdür gadryn bilene...»

Boýra Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Turgul» diýdiler» atly şygrynda şeýle bent bardyr:

Pasylda peýdaly

Güýz paslynda ösdürilip ýetişdirilen gök önümler we miweler witaminlere we ýokumly maddalara baý bolýar. Bu önümleriň ynsan bedeni üçin köp sanly peýdaly häsiýetleri bar. Beýi. Bu möwsümiň esasy miwelerinden biri bolup, ol antioksidantlaryň, demir, kalsiý, kaliý, fosfor, mis, A, B, C, E we PP ýaly witaminleriň gorudyr. Düzümindäki pektin agyr metallaryň, holesteriniň, radionuklidleriň we beýleki zyýanly maddalaryň täsirine garşy göreşýär. Şeýle-de bu önüm iýmit siňdiriş bozulmalarynda, ganazlykda peýdalydyr.

Halkara festiwaldaky üstünlik

Ýakynda oktýabr aýynyň 24 — 27-si aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde ÝUNESKO-nyň guramagynda geçirilen «Sungat planetasy — 2024» atly halkara ýaşlar festiwaly geçirildi. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň ýadygärlikleri, şeýle hem maddy däl gymmatlyklaryny wasp etmek boýunça 3 — 18 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň arasynda dürli ýaş derejesinde geçirilen bäsleşige dünýäniň 34 ýurdundan müňlerçe gatnaşyjy özleriniň taslamalaryny hödürlediler. Saýlama tapgyrlaryndan üstünlikli geçen ildeşlerimiziň üçüsi ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijiler diplom we sowgatlar bilen sylaglandy. Şolaryň arasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň «Nakgaşçylyk» bölüminiň 1-nji ýyl talyby Gülnabat Annanurowanyň hem bolmagy ählimizi diýseň buýsandyrýar.

Abuna — 2025

Hormatly okyjylar! 2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Arkadag» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär. Gazetiň kagyz görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz. Gazetiň çap edilýän görnüşiniň alty aýlygynyň bahasy 7 manat 80 teňňe. Elektron neşire abuna ýazylmak bilen, şol bukjada ýurdumyzyň beýleki merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini-de okap bolýandygyny ýatladýarys! Şeýle-de gazete ýazylmak üçin «Arkadag» gazetiniň redaksiýasyna hem ýüz tutup bilersiňiz!

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň hormatyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, milli buýsanjymyza öwrülen türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Siziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalara beslenýän günlerinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyňyzyň üstünlikli amala aşyrylmagy, şeýle hem saparyň dowamynda Size Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordeniniň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerinden ugur alýan daşary syýasatyňyzyň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyňyzyň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Beýik geljege tarap

18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

«Ajap eýýam, ajap çagym bar»

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gurluşyk ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmagy bilen halkyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ata Watanymyzyň ähli sebitlerini gurşap alan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy maksady bolup durýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda dünýäniň belli iri kompaniýalary bilen birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklarynda hyzmatdaş ýurtlardyr iri guramalar bilen deňhukuklylyk, özara düşünişmek, birek-biregiň bähbitlerini hormatlamak ýörelgelerinden ugur alýar.

«Dostluk bagy boý alsyn, dünýä dolsun bossana»

Ýakynda paýtagtymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine we Gündogaryň beýik danasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirildi. Baý many-mazmuna beslenen teatr festiwalynyň çäklerinde birnäçe medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy. Dabaraly medeni çäräniň açylyşy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçirildi. Oňa gurama agza ýurtlardan gelen medeniýet we sungat ussatlary bilen birlikde Hökümet agzalary, medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Nebitgazym — genji-känim

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly ХХIХ halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Halkara forum uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika senagatynyň gazananlaryny açyp görkezmek bilen, bu ugurda halkara gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlyklary, milli nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini, «ýaşyl» energetikany ösdürmekde, iri taslamalaryň durmuşa geçirilişini döwrebap çözgütler esasynda has-da işjeňleşdirmekde, tejribe alyşmakda, ylmy garaýyşlary we teklipleri öňe sürmekde, seljermekde ähmiýeti uludyr.

Şäheri ösdürmegiň konsepsiýasy: döretmegiň, gurmagyň aýdyň ýoly

Ýurdumyzda giň gerimli işler, durmuş-ykdysady we syýasy özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde kabul edilýän maksatnamalar halkyň, umumadamzadyň bähbitlerini nazarlap, milli ykdysadyýetimizde oňyn özgertmeler, ýokary depginli ösüş-özgeriş bilen rowaçlanýar. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» munuň aýdyň beýanydyr. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Permana gol çekmegi Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary üçin taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Resminamada ýerine ýetirilen, ýerine ýetirilýän we geljekde ýerine ýetirilmeli işler giňişleýin beýan edilip, şäheriň ähli ulgamlaryny sazlaşykly, durnukly ösdürmegi, ilatyň ýaşaýyş, zähmet, dynç alyş şertlerini kämilleşdirmegi yzygiderli üpjün etmek we has-da ýokarlandyrmak bu resminamanyň esasy maksady bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda «Häzirki döwürde Arkadag şäherini ösdürmek, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işleri alyp barýarys. Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelme

Asylly işler — asyrlarboýy adat

Golaýda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň ileri künjeginde ählihalk bag ekişliginiň güýzki möwsümine taýýarlyk işleri geçirildi. Bu sogaply işe «akylly» şäheriň il sylagly ýaşululary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

«Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr»

Gahryman Arkadagymyz: «Halkymyzda hijem diňe özüň üçin ähmiýetli tarapy ileri tutmak diýlen düşünje ýokdur. Gaýtam, başgalaryň öňünde ýagşy iş bitirip, alkyşly sözleri eşitmek, iň bolmanda bir ýagşy işiň başa barmagyna nepiň degeni üçin begenmek mertebeliligiň nyşanydyr. Türkmenistan döwletiniň syýasy Bitaraplygynyň ynsanperwerlik diýlen beýik ýörelgäni rowaçlandyrmagyň hatyrasyna işjeňlige eýe bolýandygyna halkara gatnaşyklarynyň, dünýäniň ählumumy wezipeleriniň mynasybetinde nazar aýlamak maksadalaýykdyr» diýip örän jaýdar belleýär. Bitaraplygyň düzüm bölekleri bolan ynsansöýüjilik, agzybirlik, adalatlylyk, Watana wepalylyk, halallyk ata-babalarymyzyň wesýetleri bilen kiçilikden aňymyza guýlup gelen düşünjelerdir. Sebäp diýseň, üme düşüp başlanymyzdan gulagymyz ganýan hüwdüleriň, aýtgylaryň, ertekileriň, rowaýatlaryň ählisi hem şol häsiýetleri terbiýelemäge niýetlenen. Ol halk döredijiligi bolsa gözbaşyny juda uzaklardan alýar. Gahryman Arkadagymyzyň:

«Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr»

Çeper sözüň güýji bilen ynsanlaryň, halklaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyran şahsyýetler türkmende näçe diýseň bar. Şolaryň arasynda Magtymguly Pyragy söz meýdanynda parlak ýyldyz bolup, ýalkymlylygy, ýakymlylygy bilen has tapawutlanmagy başarypdyr. Ýigriminji asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili G.Gurbansähedowyň sözleri bilen: «Nowaýydan soň täze paýhas we akyl eýesiniň emele gelmegi üçin, Gündogar dogry üç asyr garaşdy. Ol akyldary taryh meýdanyna çykarmak bagty hem türkmen halkynyň, türkmen topragynyň paýyna düşdi.

«Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary»

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny belleýär hem-de şu babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda amala aşyrýan döwlet syýasaty Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek boýunça işleriň guralmagy üçin esas bolup durýar. Şu Kanun esasynda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy milli medeni gymmatlyk hökmünde döwletiň we türkmen halkynyň ruhy hazynasy diýlip ykrar edilýär. Magtymguly Pyragynyň agzybirlik, jebislik, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, döwletlilik, adalatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk, watansöýüjilik, merdanalyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, maşgala gymmatlyklary barada garaýyşlary, öwüt-ündewleri türkmen halky, esasan-da, ýaş nesiller üçin ýörelgedir. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamaga, ylmy taýdan barlamaga, aýawly saklamaga, goramaga, öwrenmäge we wagyz etmäge aýratyn goşant goşan fiziki we ýuridik şahslar Türkmenistanyň kanunçylyg