"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» hakda

Mürze IBRAGIMOW,azerbaýjan ýazyjysy: — Magtymgulynyň döredijiligi tükeniksiz şypa berýän, dünýä manysyny saçýan parasat çeşmesidir. Ol ölmez-ýitmez pikirleriň we asylly, adamkärçilikli duýgularyň genji-hazynasydyr. Men Magtymgulynyň goşgularyny okanymda onuň ýagty ýadygärliginiň öňünde tolgunman durup bilmeýärin.

Ykbalyny halka baglan akyldar

Türkmen akyldary, şahyry we görnükli döwlet işgäri Patyşa Hojanyň ajaýyp eserleri, bitiren işleri geçmişde jemgyýetçilik durmuşynda uly rol oýnapdyr. Muny Gahryman Arkadagymyz hem «Ömrümiň manysy» atly kitabynda belläp geçýär. Patyşa Hoja, takmynan, 1480 — 1570-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçýär. Ol Gökdepäniň Isbirden obasynda dogulýar. (Isbirden obasy Gökdepe etrabynyň S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň çäklerinde ýerleşýär, ol etrap merkezinden 7 kilometr töweregi günbatardadyr). Ol bilim almak we gulluk-iş ýagdaýlary bilen baglanyşykly Mary, Samarkant, Buhara, Balh, Hyrat ýaly ýerlerde ýaşaýar. Şahyryň ýaşan zamanasy bolan XV asyryň aýagy, XVI asyr bütin Merkezi Aziýanyň syýasy wakalara baý döwri bolýar. Şeýle syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýlaryň içinde ýaşan Patyşa Hoja özüniň bütin ömrüni, ylmyny, zähmetini halka bagyş edipdir. Ykbalyny halka baglan akyldaryň ömür-durmuşynyň pursatlaryna ser salanyňda, onuň hemişe halkyň durmuşynyň jümmüşinde bolandygyny duýmak bolýar. Ol halkyň ýaşaýşyny gowulandyrmak üçin döwrüniň syýasy-jemgyýetçilik işlerine, döwlet dolandyryşyna gatnaşypdyr. Şahyr halka hyzmat etmegi, ejize-misgine goldaw bermegi özüniň mukaddes borjy hasaplapdyr. Muny şahyryň «Gülzar» eserinde Hezreti Hoja Abdyllanyň adyndan getirýän sözlerinden hem görmek bolýar.

Çagalar surat çekende

2 — 4 ýaşly çagalaryň surat çekmäge ymtylyşy diňe güýmenje däl-de, olaryň sagdyn ösmegi üçin wajyp türgenleşikdir. Çaganyň geljekki ukyp-başarnygy hut şu ýaşda göze ilip başlaýar. Döredijiligiň, aýratyn-da, surat çekmegiň körpejeleriň ösüşine uly peýdasy bar. Elinde çemçejigini saklamaga ýaňy endik edinen çagajyga surat çekmek ilkibada ýeňil däl. Sebäbi oňa eliniň we görejiniň sazlaşykly hereketini gurnamak aňsat bolmaýar. Ýöne çaga näçe ir elinde çemçe tutup, özi naharlanmaga başlasa, galamdyr çotga saklap, kagyza bir zatlar çyrşamaga güýmense, onuň ösüşine diýseň peýdalydyr. Eliniň hereketini görejiniň yzarlamagy arkaly «el-göz» sazlaşygy ýola goýulýar.

Abuna — 2025

Hormatly okyjylar! 2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Arkadag» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär. Gazetiň kagyz görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz. Elektron neşire abuna ýazylmak bilen, şol bukjada ýurdumyzyň beýleki merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini-de okap bolýandygyny ýatladýarys! Şeýle-de gazete ýazylmak üçin «Arkadag» gazetiniň redaksiýasyna hem ýüz tutup bilersiňiz!

Türkmenistan — bagy-bossan

9-njy noýabrda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, halk köpçüligi bar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübäreklediler. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere bardy. Ýaş nesliň wekili gelip, belent ruha beslenen goşgy setirleri bilen hormatly Prezidentimizden bag ekmek dabarasyna badalga bermegi haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bag nahalyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi.

Agzybirlikde asylly iş

9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Şol gün sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde hem asylly däbe eýerilip, ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylykda geçirildi. Oňa şäheriň degişli ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, sport, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mähriban eneler, talyp ýaşlar gatnaşdy.

Naz-nygmatly toý saçagy

Hasyl toýunyň giňden baýram edilen gününde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän hem-de bilim alýan, şeýle hem Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglyklaryny dikeldip, bejergi alýan çagalara bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen dürli datly miwelerden, gök önümlerden, ak bugdaýdan taýýarlanylan çörek önümlerinden, süýjüliklerden we beýleki naz-nygmatlardan ybarat bolan sowgatlar dabaraly gowşuryldy. Olar sowgatlary uly şatlyk-şowhun we ak ýürekden çykýan hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler. Türkmen topragynyň rysgal-berekedinden, zähmetsöýer ekerançylarymyzyň yhlasly zähmetinden ýurdumyzda döredilýän azyk bolçulygynyň nyşany bolan Hasyl toýunyň hormatyna çagalara sahawatly sowgatlaryň berilmegi sogap işleriň naýbaşysydyr. Çagalar hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Asylly ýörelgelerden gözbaş alýan jemgyýetçilik ähmiýetli sahawatlylyk işi ata Watanymyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesilleriň ruhy taýdan sagdyn ösmegi, bilim almagy, saglyklaryny berkitmegi, sport bilen meşgullanmagy ugrunda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr.

Rysgal-bereketli zamana

Geçen ýekşenbede ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Garagum derýasynyň kenarynda tutulan toýa ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen myhmanlar gatnaşdylar. Bu toý gününde ýurdumyzda «akylly» şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheriniň pawilýonynyň bolmagy bolsa buýsandyryjydyr. Toý lybasyna bürenen meýdançadaky «akylly» şäheriň powilýonynda oba hojalyk pudagynda öndürilen dürli görnüşli önümler görkezildi.

«Ashgabat Open 2024»: ýaş tennisçileriň halkara ýaryşy

Oňa Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Eýrandan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan we Türkmenistandan türgenler gatnaşýarlar. 11-nji noýabrda badalga berlen halkara ýaryşyň açylyş dabarasynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan 4 müň orunlyk Tennis toplumynda ýaýbaňlandyrylmagy mynasybetli köp sanly tomaşaçylar ýygnandy. Halkara ýaryşyň resmi açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Dabarada Halkara Tennis federasiýasynyň wekili, tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň baş emini Mahdi Malekzade çykyş edip, türkmen tarapynyň ýaryşlary geçirmek üçin iň amatly şertleri döredendigini, şol sanda ajaýyp sport desgalaryny gurandygyny belläp, myhman tennisi ösdürmäge berýän goldawlary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine HTF-niň adyndan çuňňur hoşallyk bildirdi.

Halkara kinofestiwaly: sungatlaryň dabaralanmasy

Düýn paýtagtymyz Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň gatnaşmagynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň açylyşy boldy. Oňa Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan hem-de Tywa Respublikalarynyň kinorežissýorlary, kinematografiýaçylary, kinoaktýorlary we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Eýýäm 12-nji noýabrda paýtagtymyz Aşgabada gelen myhmanlar türkmen topragynda halkymyza mahsus myhmansöýerlik bilen mähirli garşylandy. 13-nji noýabrda günüň birinji ýarymynda sungat ussatlarynyň sapary gadymy Änew galasyna we Seýit Jemaleddin ýadygärliklerine baryp görmekleri bilen başlamagynyň özi aýratyn mana eýe boldy. Soňra paýtagtymyzyň gözel künjeklerine guralan gezelenç hem myhmanlara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen festiwalyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň halkara kinofestiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bolsa uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Şeýle-de festiwalda ýurdumyzyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň taryhy we häzirki döwürde ýeten derejesi barada taýýarlanylan wideofilmiň görkezilmegi çäräniň döredijilik ruhuny has-da belende göterdi. Ýeri gelende

«Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty»

Halkymyzda geçmişi beýik halkyň geljegi-de beýikdir diýilýär. Özüniň ýokary derejede çeper, many-mazmuna baý eserleri bilen Watanyna şan-şöhrat getiren, onuň abraý-mertebesini belende göteren beýik şahyr Magtymguly Pyragy halkyny hem beýgeltdi. Dünýäde akyldaryň çeper döredijiligini öwrenmäge, ýaýmaga uly ähmiýet berilýär. 1842-nji ýylda Londonda Aleksandr Hodzko Magtymgulynyň gysgaça terjimehalyny we üç goşgusyny iňlis diline neşir etdirýär.

Dili senaly Gorkut ata

Alym Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda alkyşlara şeýle baha berýär: «Gorkut atanyň «Bedew atyň ýörgür bolsun!» diýen arzuw-dilegi halkymyzyň has gadymy döwürlerde ajap zamanalara ýetmegiň taryhy ymtylyşyna, öňegidişlikli ýaşaýşa, bedewli bolmagyň döwletlilik hasap edilýändigi hakyndaky ynamyna laýyk gelýär». Eseriň çowdur nusgasynda dünýä inen çaga gutlananda, Gorkut atanyň aýdýan alkyş-dilegleri has täsirli beýan edilýär: «Uzak bolsun owul ýaşy, sagat kezsin onuň başy. Mynasan tek bolsun ýarly, kollary bolsun hünärli. Ýaşysyn ol mydam barly, näzik, sulug, gözel ýarly, köp bolsun owul-gyzlary, ... batyr, edermen bolsun, küýjüni tuşman körsün,.. hormatlysyn il-dyşy, dana bolsun oň başy. Il-ulus alkyş etsin, owluň maksada ýetsin!». Gorkut atanyň bu alkyşlary ahlak mazmuny bilen halkyň jemgyýetçilik aňyna täsir edýär.

Gadymy medeniýetiň beýany

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ahal sebitlerine mahsus bolan geçmişde yz galdyran taryhy ýadygärlikler, halkyň baý milli mirasy, tebigat täsinlikleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler öz beýanyny tapýar. Şeýle gymmatly ýadygärlikleriň içindäki Seýit Jemaleddin metjidiniň taslamasy hem türkmeniň buýsançly geçmişini özünde jemleýär. Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bu taryhy ýeriň ýaşaýyş medeniýetiniň has irki döwürleri, saklanyp galan ýadygärlikleri barada gyzyklanmalar has-da artdy. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýindäki Seýit Jemaleddin metjidiniň taslamasy bu ýere gelýän adamlaryň ilkinji tanyşýan gymmatlyklarynyň biri. Metjidiň girelgesindäki (potalynda) syrçaly nagşynyň we onuň üstündäki arap ýazgysynyň, şonuň ýaly-da aždarhalaryň şekilleri nepisligi bilen haýran galdyrýar. Asyl ýadygärliginiň mozaika bezegi ýerli gurluşykçylaryň ýokary ussatlygynyň we şol döwrüň binagärliginiň ösüşiniň subutnamasy bolupdyr.

Şäher infrastrukturasy we ekologiýa strategiýasy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky döwlet syýasaty ekologiýanyň taglymat esaslaryny, onuň esasy kanunlaryny, ýörite kadalary öwrenmek arkaly tehnogeneziň, jemgyýetiň we daşky gurşawyň özara baglanyşygynyň çylşyrymly meselelerini, tebigaty oýlanyşykly peýdalanmagy, daşky gurşawyň aýratynlyklaryny kadalaşdyrmagy, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň usullaryny we beýleki aýratynlyklary öz içine alýar. Bu döwlet ekologiýa strategiýasy şähergurluşyk işine-de giňden ornaşdyrylan. Ekologiýa strategiýasy — bu häzirki zaman düşünjesinde «uzak möhleti öz içine alýan umumy, çylşyrymly meýilnamalaşdyrylan maksada ýetmegiň usullary we ýollary» diýmegi aňladýar. Ol ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň üsti bilen sebitiň ekoulgamyny tehnogen täsirlerden goramak babatda oňaýly çözgütleri ulanmaga gönükdirilen çäreleriň toplumy. Görnüşi ýaly, «tebigat», «ilat» we «hojalyk» «Ekologiýa strategiýasynyň» esasy üç daýanç düşünjeleri bolup durýar.

Döwrebap Tiz kömek merkezi

Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkezi ilata ýokary derejeli gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin ähli şertler bilen doly üpjün edilen. Bu ýerde işleýän kärine ezber lukmanlar dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar arkaly näsaglara ýokary hilli ilkinji gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini berýärler. Tiz kömek merkezi gije-gündiziň dowamynda ilata hadysanyň bolan ýerlerinde, ýol ugurlarynda, öýde tiz we gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin niýetlenilip, ol dolandyryş, kabul ediş, maslahat beriş, anyklaýyş we okuw bölümlerinden ybaratdyr. Kabul ediş bölüminde näsaglara ilkinji gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi berilýär hem-de degişli otaglardaky ykjam enjamlaryň üsti bilen olaryň keselleri anyklanylýar.

«Akylly» şäherde aragatnaşyk hyzmaty

Arkadag şäheri — ösen tehnologiýalara daýanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz yhlasy, hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary bilen gurlan «akylly» adyna muwapyk ajaýyp şäher. Onda durmuş hyzmatlaryndaky zamanabaplyk hem aýdylanlary tassyklaýar. Arkadag şäheriniň edara-kärhanalary we ýaşaýjylary üçin 20 000 belgilik döwrebap GPON ulgamy we 25 000 müşderä niýetlenen we goşmaça giňeltme mümkinçiligi bolan 235 töweregi telewizion kanallaryny alyp görkezýän IP TV ulgamy gurnalyp işe goýberildi. Bu tehnologiýalaryň işe girizilmegi bilen, her bir öýe optiki-süýümli ulgam çekilip, tizlikli internet, IP TV hem-de telefon ulgamyndan bir wagtda peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirligi tarapyndan şäheriň edara-kärhanalaryna wirtual serwer, fiziki serwer, kolokasiýa we sanly akym hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Şäheriň Baş baýdak meýdançasynda, «Arkadag Binasynda», 10 000 orunlyk stadionda, «Gökdere» söwda we dynç alyş merkezinde raýatlaryň medeniýetli dynç almagy üçin, her ulanyja ýokary tizlikde internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän Wi-Fi zolagy döredildi. Şäherde gurlan desgalarda elektrik energiýasy, gaz üpjünçilik ulgamy we agyz suwy üçin sanly ulgam arkaly hasaplaşyklary geçirmäge hem-de «akylly» şäher we «akylly» öý ulgamlaryny döretmäge, bu hyzmatlardan aralykdan peýdalanmaga mümkinçilik berýän

Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty — röwşen geljegiň kepili

Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň we giňeldilmeginiň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşygyny öwrenmegiň wajyp ähmiýete eýedigi barada netijä gelmek bolar. Ýaşlaryň hukuklary adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň bitewi ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegidir. Ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ykrar edilmegi hem-de üpjün edilmegi üçin adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň amala aşyrylmagynyň kepillendirilmegi düýpli ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň hukuklaryny goramak we giňeltmek babatda strategiýalaryň, ileri tutulýan ugurlarynyň emele getirilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi arkaly ýaşlar syýasatynyň amala aşyrylmagy döwletiň borjy hökmünde çykyş edýär. Ýaşlar çygrynda döwlet dolandyrylyşy ýaşlar bilen işlemegiň konseptual ugurlaryny işläp taýýarlamagy, ýaş nesil üçin hukuk kepilliklerini, onuň durmuş taýdan erkin ösüşine, döredijilik başlangyçlaryna bolan hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen, durmuş-ykdysady, guramaçylyk çäreleriniň bitewi ulgamyny döretmegi öz içine alýar. Şu jähetden ähli derejedäki häkimiýet edaralarynyň işi ýaşlaryň ösüşi üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilýär. Bu şertler ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda milli kanunçylykdan gelip çykýar.

«Kitap — dünýäniň açary»

Şeýle at bilen ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda neşir önümleriniň sergisi we ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu sergini we maslahaty Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Arkadag şäheriniň Medeniýet, Bilim müdirlikleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi hem-de Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti bilelikde guradylar. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle hem birnäçe görnükli ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserleri görkezildi. Maslahatda bolsa, Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň paýhasa ýugrulan eserleriniň türkmen halkynyň ýankitabyna öwrülendigi nygtaldy. Mundan başga-da, kitap şüweleňinde körpeje nesilleriň ýerine ýetirmeginde joşgunly goşgy setirleri diňlenildi we mekdep okuwçylarynyň arasynda sowal-jogap bäsleşigi guraldy.

Döwrüň buýsanjy

Düýn Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Arkadag şäheriniň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, edara-kärhanalarynyň öňdebaryjy ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Arkadagly ýaşlar — döwrümiziň buýsanjy» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi tarapyndan guralan bu dabarada ýaşlaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Dabaranyň dowamynda Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda we bilim ojaklarynda hereket edýän ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklaryna we işjeň agzalaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bir ömre ýeterlik maslahat

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan: — Bir gezek jahany keşt edip ýören adamlaryň biri alymyň ýanyna baryp: «Maňa bir ömre ýeterlik maslahat ber!» diýipdir. Diňe kitaplary däl, durmuşy hem okap bilýän, oňa çuňňur düşünýän alym: «Oglum, şu dört zada amal etseň, işleriň hemişe ugruna bolar. Birinjisi, diňe ýagşy zatlary sözle ýa-da dym; ikinjisi, hiç hili ähmiýeti ýok zatlara güýmenme; üçünjisi, gaharlanma, gaharlanma, gaharlanma; dördünjisi, özüňe isleýän gowy zatlaryňy beýlekilere hem rowa gör» diýipdir. Adam balasy, diline erk edip bilse, diňe ýagşy zatlary ýaýsa; gerekmejek zatlara wagtyny sarp etmese, ünsüni diňe ähmiýetli, çyndanam peýdaly amallara gönükdirse; gaharyna bäs gelip, özüne erk edip bilse; hemmelere päkize niýetli, arassa ýürekli garasa, ýagşy dileg-dogaly bolsa, ýardam etse, arkalaşsa, ol ynsan bagta, deprenmez döwlete mynasyp boljak ynsandyr» diýip, alym-akyldar maslahat beripdir.