Alym Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda alkyşlara şeýle baha berýär: «Gorkut atanyň «Bedew atyň ýörgür bolsun!» diýen arzuw-dilegi halkymyzyň has gadymy döwürlerde ajap zamanalara ýetmegiň taryhy ymtylyşyna, öňegidişlikli ýaşaýşa, bedewli bolmagyň döwletlilik hasap edilýändigi hakyndaky ynamyna laýyk gelýär».
Eseriň çowdur nusgasynda dünýä inen çaga gutlananda, Gorkut atanyň aýdýan alkyş-dilegleri has täsirli beýan edilýär: «Uzak bolsun owul ýaşy, sagat kezsin onuň başy. Mynasan tek bolsun ýarly, kollary bolsun hünärli. Ýaşysyn ol mydam barly, näzik, sulug, gözel ýarly, köp bolsun owul-gyzlary, ... batyr, edermen bolsun, küýjüni tuşman körsün,.. hormatlysyn il-dyşy, dana bolsun oň başy. Il-ulus alkyş etsin, owluň maksada ýetsin!». Gorkut atanyň bu alkyşlary ahlak mazmuny bilen halkyň jemgyýetçilik aňyna täsir edýär.