"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

26-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki wagtda milli şähergurluşyk maksatnamasynyň we dünýäniň binagärlik tejribesiniň ajaýyp nusgasyna öwrülen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde dowam etdirilýän giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda hemmetaraplaýyn tagalla edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ösen tehnologiýalary, sanly ulgamy özleşdirmek, önümçilige intellektual eýeçiligi ornaşdyrmak meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu işler döwür bilen aýakdaş gitmegiň esasy şerti bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Siziň başlangyçlaryňyz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan belent sepgitlere ýetýär, taryhy ösüşlere eýe bolýar. Milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda uly özgertmeler amala aşyrylýar, döwletimiz ýagty geljege, has beýik ösüşlere tarap ynamly barýar. Häzirki wagtda geçmiş taryhymyz ebedileşdirilip, milli ýolumyz döwrebap derejede dowam etdirilýär.

Durnukly ösüş — bagtyýar durmuş

15-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk ulgamyny pugtalandyrmak boýunça degişli çäreler görülýär.

«Tämiz niýet, ýagşy päl — budur dünýäň gudraty»

Pederlerimiz «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýipdirler. Bu paýhas — heňňamlaryň synagyndan geçen paýhas. Özi-de adam ykbaly bilen baglanyşykly aýdylan hikmetli jümle. Men bu paýhasyň taglymyny näme üçin turuwbaşdan heçjikläp ugradym?! Men muny şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Milli Liderimiziň peşgeş beren «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!» diýen goşgusynyň ýagşy niýetli adamlaryň kalbyna melhem, diline sena bolandygyny tekrarlamak üçin şeýle etdim.

Sanly çözgütler

Ýakynda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar, telekommunikasiýa ulgamlarynda ýetilen sepgitleri tanyşdyrmagy maksat edinýän bu halkara forumyň her ýylda geçirilmegi bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň tejribe alyşmagyna mümkinçilik döredýär.

Görküňize dünýä haýran

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 13 — 15-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyna gatnaşyjy myhmanlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldiler. Mälim bolşy ýaly, täze taryhy döwürde gözelligiň we kämilligiň nusgasy bolan ahalteke bedewleri ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň, beýik özgertmeleriniň we parahatçylygyň ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň nyşanydyr. Milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy bolan ganatly ahalteke bedewleri gadymy döwürlerden bäri uly meşhurlyga eýe bolup, ol halkymyzyň wepaly dostudyr. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy we bu ýerde idedilýän behişdi bedewler bilen ýakyndan tanşan myhmanlar bular dogrusynda buýsançly söhbet etdiler.

Geljek ýyla şan berip

Düýn Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň, şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň bilelikde guramagynda «Döwletli işler rowaçlanýar» atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda asylly däbe görä, her ýylyň döwrebap atlandyrylýandygyny hem-de şu ýylyň 8-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinden gelip çykan wezipeleri wagyz etmek we 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak, onuň nyşanyny kesgitlemek maksady bilen Arkadag şäheriniň raýatlarynyň teklipleriniň öwrenilýändigini aýtdylar. Şeýle asylly işler agzybirligi we jebisligi dabaralandyryp, halkymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigini, şeýle-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir gününiň parahatçylyga, asudalyga beslenýändigini buýsanç bilen bellediler.

«Kompozitor» hakda kelam

Maksat GYLYJOW,Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň Filmiň edebi esasyny düzýän bölüminiň başlygynyň orunbasary, «Kompozitor» filminiň režissýory:

Owazly filmiň owazasy

Bu günki gün türkmen kino sungaty ösüşli menzilleri gulaçlaýar. Muňa ýurdumyzda geçirilen Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň gatnaşmagynda geçirilen «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwaly hem dolulygyna şaýatlyk etdi. Şol halkara kinofestiwalyň öz işini tamamlamagy bilen bagly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabarada tapawutlanan artistlere, döredijilik toparlaryna baýraklar gowşuryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Milletimiziň baý medeni mirasyna, inçeden nepis, özboluşly, milli çeperçilik däp-dessurlaryna daýanyp, ösüşler ýoluna düşýän türkmen kino sungaty halkymyzyň üçünji müňýyllykda gazanýan zähmet ýeňişlerini Ýer ýüzüne wagyz etmekde uly işleri amala aşyrmalydyr» diýen sözlerinden ruhlanýan türkmen kinoçylary bu kinofestiwalda abraýly baýraklara, sylaglara mynasyp boldular. Olardan biri festiwalyň eminler toparynyň ýörite baýragyna mynasyp bolan Maksat Gylyjowyň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen «Kompozitor» atly doly göwrümli filmdir. Film gönüden-göni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýatkärliginde we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde surata düşürilendir.

Şöhratly mekanyň şanly mukamy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu şäheriň medeniýetleriň ösüşindäki ornunyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň her bir güni toý-baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Şu ýylyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň, gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly medeni-köpçülikleýin çärelerine giň gerim berildi.

Ylym-bilim bilen belentliklere

Haýsy ýurtda ylym-bilim ulgamynyň aýdyň geljegi barada irginsiz aladalar edilýän bolsa, diýmek, şol ýurduň ertirki güni has-da bagtyýardyr, eşretlidir. Sözüň güýjüne ser salyp otursaň, «ylym», «bilim», «okamak», «öwrenmek»... sözleriniň ählisinde-de aýdyňlyk, giňlik, çäksizlik bar. Diýmek, binýady halallyga, lebiz päklige eýlenen halkymyzyň şu güni we geljegi berkarardyr, aýdyňdyr, ýagtydyr. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda möhüm pikir-garaýyşlar beýan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça geljekde uly wezipeleriň öňümizde durýandygyny nygtap, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmagy, mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegi, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak baradaky aýdanlary has-da buýsandyryjy. Ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmegi, ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiz

Üstünliklere serpaý

Ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalary merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlarymyzy sylaglamak dabarasy boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz boýunça ýaşlaryň 135-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp boldular. Ýaşlygyň we ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçiliklerinden ylhamlanýan we döredijilikli zähmet çekýän, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere saldamly goşant goşýan ýaşlaryň hem Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada eýe bolmagy has-da buýsandyryjydyr.

Sportuň dostlaşdyryjylyk güýji

Käbir duşuşyklary iki sagatdan gowrak dowam etse-de, tennis janköýerleri asla ýadatmaýan sport görnüşleriniň hataryna girýär. Gaýtam, türgenleriň haýsydyr birine janköýerlik edip oturyşyňa, wagtyň nähili geçenini hem duýman galýarsyň. Bu duşuşyk seniň üçin hakyky baýramçylyga öwrülýär. Ýakynda merjen paýtagtymyz şeýle sport baýramçylygyny kabul etdi. Ýer ýüzüniň 12 döwletinden iň güýçli ýetginjek tennisçileriň 60-dan gowragy «Ashgabat Open 2024-iň» ýeňijisi bolmak üçin göreşdiler.

Arkadag şäheri: asylly däbe eýerip

Ata-babalarymyzdan miras galan daşky gurşawa aýawly garamak ýaly milli däplerimiz häzirki günde aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäreleri geçirilip, dürli görnüşli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekilýär, ozal ekilenlerine ideg etmek işleri alnyp barylýar. Olaryň ösüp ulalmagy bilen, türkmen topragy bagy-bossanlyga bürenip, jana şypaly arassa howasy bilen halkymyzyň tebigata bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Ýakynda däp bolan bu asylly ýörelgä eýerilip, Arkadag şäherinde Akhan, Aba Annaýew we Kärizek şaýollarynyň ugrundaky sil suw akabalarynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça şäheriň ýaşaýjylarynyň, edara-kärhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda bag ekmek we ekilen baglara ideg etmek çäresi geçirildi. Bu türkmen jemgyýetinde ýokary ekologik medeniýeti kemala getirmäge uly üns berilýändiginiň mysalydyr.

Baş baýlygyň goragynda

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda üstünlikli işler durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäginde onkologiýa keselleriň öňüni almakda, ýokanç däl keseller boýunça «Türkmenistanda Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň» kabul edilmegi we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Onkologiýa merkeziniň gurulmagy, olaryň dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkezinde howply we howply däl täze döremeleriň öňüni almak, olary irki döwürde anyklamak we gözegçilikde saklamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Howply täze döremeleriň (HTD) gelip çykyşyny öwrenmek, olary bejermek, öňüni alyş çärelerini anyklamak häzirki zaman lukmançylygynda iň bir wajyp meseleleriň biridir. Esasan hem, keseliň öňüni alyş çärelerini bilmekligiň zerurlygyny nygtamak möhüm bolup durýandyr.

«Akylly» merkezde ýylylyk çeşmesi

Ine, gözüňe söweýin, gojaman Köpetdagy etekläp, alnynda duran ak gyşy garşylamaga häzir bolup oturan «akylly» şäher. Bu şähere «akylly» diýilmeginiň ýeterlik sebäbi bar. Şol sebäpler bilen ýüzbe-ýüz bolanyňda «akylly» kemi ýok» diýeniňi duýman galýarsyň. Munda ähli edara-kärhanalar şeýle döwrebap derejede gurlan. Hatda şäherde ýaşaýyş we edara binalarynyň ýyladyş ulgamy hem şol kysmy. Bular dogrusynda Arkadag şäheriniň Jemagat hojalygy müdirliginiň ýylylyk bölüminiň ussasy Altymyrat Garaýew şeýle gürrüň berdi:

Garagyş

(22-nji noýabr — 7-nji dekabr) Ýyldyz senenamasy boýunça Diýarymyzda gyş pasly 22-nji noýabrda garagyş döwri bilen başlanyp, 21-nji fewralda ahyrky garagyş bilen tamamlanýar. Garagyş 7-nji dekabra çenli dowam edýär. Ahyrky garagyş bolsa, 6-njy fewraldan 21-nji fewrala çenli 15 gün dowam edýär. Galan altmyş gün uly çille, kiçi çille döwrüdir.

«Çyn güli saklasaň, müň ýylda solmaz»

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny halkyna peşgeş bermegi akyldar şahyra goýulýan sylag-sarpanyň aýdyň beýanydyr. Ol goşgyny bolsa Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň çeper elli halyçy zenanlary türkmen halysyna çitip, nesilden-nesle geçip, dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň şahyry sarpalaýan bu ajaýyp goşgusynyň milli mirasymyz bolan türkmen halysynda orun tutmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Şahyryň özi hem «Gonmak täze ýurda ýagşy, // Haly düşek törde ýagşy» diýip, türkmen halysyna uly hormat goýan şahyr.

Möhüm ulgam — ROWAÇ MENZILLERDE

Ýurdumyzda ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge hem-de hil taýdan täze derejä çykarylmagyna yzygiderli üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Şoňa laýyklykda, Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Şeýle netijeli hyzmatdaşlyk ägirt uly tebigy serişdeleri bolan we Ýewraziýa giňişligindäki esasy ýollaryň çatrygynda amatly ýerleşen Merkezi Aziýanyň häzirki zaman ösüşiniň meýillerine laýyk gelýär. Çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlary geçen, geografik taýdan amatly ýerde, sebit hem-de sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen Ýewraziýanyň halkara ýük akymlarynyň köp bölegini özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, irki döwürlerde-de, häzirki wagtda hem ýollar ýurtlary birleşdirýär, halklary dostlaşdyrýar, ulaglar bolsa, dünýäniň ykdysady giňişligine girmegiň we ony ösdürmegiň möhüm şertleriniň birine öwrülýär.