Düýn Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň, şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň bilelikde guramagynda «Döwletli işler rowaçlanýar» atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda asylly däbe görä, her ýylyň döwrebap atlandyrylýandygyny hem-de şu ýylyň 8-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinden gelip çykan wezipeleri wagyz etmek we 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak, onuň nyşanyny kesgitlemek maksady bilen Arkadag şäheriniň raýatlarynyň teklipleriniň öwrenilýändigini aýtdylar. Şeýle asylly işler agzybirligi we jebisligi dabaralandyryp, halkymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigini, şeýle-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir gününiň parahatçylyga, asudalyga beslenýändigini buýsanç bilen bellediler.