"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Standartlaşdyrmak — ýokary hiliň kepili

«Standart hyzmat» hususy kärhanasy Türkmenistanyň iri, orta we kiçi kärhanalaryna hem-de telekeçilik işleri bilen meşgullanýan raýatlaryna halkara standartlaryna laýyk dolandyryş ulgamlarynda işlemekde ýardam berýär. Ykdysady, tehnologik we durmuş aýratynlyklary bolan halkara ISO sertifikatlary kärhanalara dolandyryş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olary täze derejä çykarmaga, döwlet tenderlerine gatnaşmaga, berýän hyzmatlaryny ýa-da öndürýän önümini içerki we daşarky bazarda mynasyp derejede bäsdeşlige ukyply milli haryt hökmünde hödürlemäge mümkinçilikleri açýar. Halkara standartlaryna laýyklykda bu sarp edijilerde önümleriň ygtybarly, täsirli we ekologiýa taýdan arassa taýýarlanandygyna ynamyny artdyrýar. Halkara ISO sertifikatlarynyň arasynda islendik pudakda, onuň ululygyna we alyp barýan işiniň görnüşine garamazdan girizilýän ISO 9001:2015 Hil dolandyryş ulgamynyň halkara standarty, saglygy goraýşyň we zähmeti goramagyň dolandyryş ulgamy üçin girizilýän

«Her sözüm bir dürdür gadryn bilene...»

Galbir, galbiri Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Gezemek bilen» atly şygrynda her bolar-bolmaza içiňi döküp syryňy aýtsaň, ol seniň kalbyňdaky pynhan duýgularyňy, maglumatlaryňy uly ile ýaýyp, seni oňaýsyz ýagdaýa salar diýen manyda şeýle nesihat edýär:

Ýene-de bag ekdik

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bagym bar, barym bar» diýilýär. Bu aýtgylardan we atalar sözlerinden görnüşi ýaly, bag adam durmuşynda örän uly orun tutýar. Häzirki wagtda Arkadag şäherinde-de täze nahallary ekmek we öňden bar bolanlaryna ideg etmek işleri asylly däbe öwrüldi. Ýakynda şäheriň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda bu mekany ekologiýa taýdan abadanlaşdyrmak, tokaý zolaklaryny döretmek maksady bilen agzybirlikde bag ekmek işleri geçirildi. Güýzki bag ekmek möwsüminde häzire çenli 17500 sany bag nahallary oturdylan bolsa, bu gezekki oturdylan 4000 düýp bag nahaly öňküleriň üstüni ýetirdi.

Mähir dessany

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Hüwdüde aýratyn ýakymlylyk, mähir bar. Dünýäde iň kämil döredilen eser hem «ene hüwdüsidir».Sebäbi onda ýürek arzuwlary ýaşaýar. Ýüregiňi goýup döredilen sungat eseri bolsa, nusgalyk esere öwrülýär. Hüwdülerde çaganyň watanperwer, belent adamkärçilikli, zähmetsöýer, tutuş ömrüne bagtly bolmagy dileg edilip, olar ene mähirinden dörän şahyrana setirlerdir. Hüwdüleri bize ýakymly edýän zat bolsa ene ýüreginiň mähiridir.

Maksatlaryň çür başynda Watan bähbidi

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan: — Bir gezek bilegi berdaşly, dogumy daglara bäs edýän, gözlerinden ot syçrap duran, gorky-ürkä per bermezek, her zähmete werziş bolan ýaş ýigitleriň biri Oguz hanyň huzuryna baryp: «Han aga, siziň gullugyňyza geldim. Ömrümi Watan wepasyna, halk hyzmatyna bagyş etmekçi» diýipdir. Oguz han ýaş ýigidi parasat nazary bilen synlap: «Ýeri, sen Watanyň hatyrasyna nämeleri başararsyň we nämelere taýýar?» diýip sorapdyr. «Buýran her bir zadyňyzy gaýra goýman berjaý etmäge, gerek bolsa, Watan üçin şirin jandan geçmäge taýýar» diýip, ýaş ýigit pert pert jogap beripdir. «Ogul, sen ilki Watan üçin ýaşap bilýändigiňi görkez. Watan üçin serden geçmäge taýýardygyňa ynanarym ýaly...» diýip, Oguz han ol ýigidi ýanyna nökerlige kabul edipdir.

Kitap — ruhubelentligiň çeşmesi

Türkmen halky ähli döwürlerde hem kitap okamagy, bilim, ylym öwrenmegi eşretli ýaşaýşyň, halal durmuşyň we ýagty geljegiň esasy hasaplapdyr. Kitap okamak özüňi tapmak, dünýä düşünmek, pikirlenişiňi ösdürmek, daşky gurşawa garaýşyňy giňeltmek, ruhuňy belent tutmak, ruhy ahwalayňy baýlaşdyrmak ýaly ençeme peýdaly taraplary bilen ähmiýetlidir. Şeýle-de kitap okamak ynsan saglygyna oňyn täsirlerini ýetirýär. Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, okamak ukusyzlykdan halas bolmaga ýardam edýär, nerw ulgamyny rahatlandyrýar. Bilermenleriň bellemegine görä, kitap okamak nerwini rahatlandyryjy iň ygtybarly usuldyr. Bary-ýogy 6 minut kitap okamak nerw dartgynlylygyny dep edip biler.

Halk hazynasyndan

Omar Haýýamyň «Nowruznama» eserinde gyşda ýagan ýagyşdan soň, daşlaryň ýüzi ýag çalnan ýaly bolup ýalpyldap dursa, şol ýerde gymmatbaha daşlaryň ýa-da uly möçberde suw gorunyň barlygy beýan edilýär. ***

Abuna — 2025

Hormatly okyjylar! 2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Arkadag» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär. Gazetiň kagyz görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz. Elektron neşire abuna ýazylmak bilen, şol bukjada ýurdumyzyň beýleki merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini-de okap bolýandygyny ýatladýarys! Şeýle-de gazete ýazylmak üçin «Arkadag» gazetiniň redaksiýasyna hem ýüz tutup bilersiňiz!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy

29-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň uçary Budapeşte çenli uçuşy amala aşyryp, dostlukly ýurduň paýtagtynyň Ferents List adyndaky Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy

Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy hormatly Binali Ýyldyrym!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow! Sizi «Hakyda göwheri» atly täze kitabyňyzyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilipdir. Ol bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek gymmatly eserdir.

Budapeştda Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlady

Şu gün Wengriýa iş saparyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşýar.  ...Gahryman Arkadagymyz Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň binasyna ugrady. 

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş sapary bilen ugrady.    Paýtagtymyzyň Halkara  howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. 

Döwri döwranly Diýar

22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ugurlary boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. 4 — 6-njy dekabr aralygynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini, onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şeýle-de Täze ýyl baýramyny garşylamaga görülýän taýýarlyk, «Merdana nesil — 2024», «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşikleriň jemleýji tapgyrlaryny geçirmek, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylyş dabaralaryny, Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyny, paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertini, welaýatlarda, Arkadag şäherinde aýdym-sazly çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Döredijilik — döwletlilik

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynda degişli ýolbaşçylar häzirki zaman ylmynyň aýratynlyklary, ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek we ýaşlaryň ylma bolan garaýyşlaryny höweslendirmek, sanly ykdysadyýetiň, Halk Maslahatynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde milli kanunçylyk ulgamynyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Hyzmatdaşlyk ilerledilýär

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de wise-prezidenti, Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdiler.

Doganlyk gatnaşyklary pugtalanýar

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýakynda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriljek Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine geňeşiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi.

Gurýan döwlet

26-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, ilki bilen, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň binalarynyň ýerleşdiriljek ýerlerini synlady. Şeýle hem bu ýerde şäherde bina edilýän desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli dürli serişdeler görkezildi. Bu ýerde alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi.

Ösüşli ýollaryň ýalkymy

Öňňin paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi açyldy. Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanyp geçirilen halkara derejedäki bu giň möçberli çärede ata Watanymyzyň ulag we logistika pudagynyň soňky gazananlary tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokary görkezijisine öwrülen, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň bu sergidäki pawilýony köpleriň ünsüni çekdi. Bu sergide «akylly» şähere wekilçilik edýän Arkadag şäheriniň häkimliginiň maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölüminiň baş hünärmeni Çerkez Annaýewiň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Innowasion özgertmeler

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň oktýabrynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda geçirilýän bu çäre iki ýurduň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek barada gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Bu möhüm çärä Aşgabada gelen wekiliýet, ýagny Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Sin, şeýle-de dostlukly ýurduň ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylary, ylmy işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdy.