Ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalary merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlarymyzy sylaglamak dabarasy boldy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz boýunça ýaşlaryň 135-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp boldular. Ýaşlygyň we ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçiliklerinden ylhamlanýan we döredijilikli zähmet çekýän, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere saldamly goşant goşýan ýaşlaryň hem Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada eýe bolmagy has-da buýsandyryjydyr.