Durnukly ösüş — bagtyýar durmuş

20 Noýabr 2024
199

15-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk ulgamyny pugtalandyrmak boýunça degişli çäreler görülýär.

«Arkadag».