Ata Watana söýgi bilen

3 Iýul 2024
264

Ýakynda, 21-nji iýunda Russiýanyň hem Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko 60 ýaşady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko şanly 60 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Oleg Dmitriýewiç Kononenko doglan güni mynasybetli iberen gutlaglary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýdyp, hoşallyk sözlerini ýollady.

«Arkadag»