Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary arasynda duşuşyk geçirildi

6 Iýul 2024
207

Şu gün, günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ikitaraplaýyn we wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagy köp babatda Türkmenistanyň we BMG-niň strategik maksatlarynyň gabat gelmegine özara düşünilmegi, parahatçylyga, adalatlylyga, ösüşe, halkara gatnaşyklarynyň binýady hökmünde döwletleriň we halklaryň hukuklaryna hormat goýmaga esaslanýan garaýyşlarynyň ýakynlygy bilen şertlendirilendigini bellenildi.