Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary

21 Iýul 2024
136

Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edarany – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini gmamaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmaly we ony Aşgabat şäherinde Maslahat köşgünde geçirmeli.