Sözi gysga, şerhi köp...

17 Iýul 2024
198

Rowaýatlarda gelşine görä, gadym döwürlerde belli takwa bende haja gidip, haj amallaryny berjaý edenden soň, Käbäniň öňünde ybadat edip otyrka, iki sany perişde gelip, biri sag, biri çep tarapynda oturyp, özaralarynda sorag-jogap alşypdyrlar. Olaryň biriniň «Bu ýyl näçe kişiniň hajy kabul boldy?» diýen soragyna beýlekisi «Bu ýyl hiç kişiniň hajy kabul bolmady, diňe bir kişiniň hajy kabul boldy. Özi Müsürde ýaşaýar, käri köwüşçi, köwüş tikmek bilen gün görýär, özge hajylaryň hajy hem diňe şonuň sebäbinden kabul boldy» diýýär. Muny eşiden takwa kişi munuň sebäbini bilmek üçin Müsüre gidýär we ol adamy gözläp tapýar. Görse, ol bir dükanjykda ädik ussasy bolup işleýär eken. Gelen myhman ondan beýle derejä nädip mynasyp bolandygyny soranda, ol «Howlukma, hany, öýe bir baraly, soň gürrüň bererin» diýip, ony öýüne äkidýär we hezzet-hormat edýär. Şondan soň şeýle diýýär: «Men entek haja gidemok. Emma indi ençeme ýyl bäri haja gitmekligi arzuw edýärdim hem-de şoňa harajat toplaýardym. Ýaňy ussahanamda görensiň, iki sany çaklaňja golçajygym bar. Her gün maşgalam üçin gündelik sarp etmeli harajatymy bir golçajygyma, şondan näme artyk gazanyp bilsem, ikinji golçajygyma salýaryn. Kä günler, ýeterlik gazanyp bilmesem, ikinji golçajykdan almaly bolýan wagtlarym hem bolýardy. Ahyry şu ýyl haja gidilende ýol we öý harjym üçin ýygnaýan pulum ýeterlik derejä ýetip, golçajygym puldan doldy, menem haja gitmäge taýýarlanyp başladym. Bir gün öýe gelsem, aýalym aglamjyrap otyr. Men sebäbini soranymda ol: «Ýaňy iýenimiz aýry gitmeýän duldegşir goňşymyz pylanylara bardym, çagalaryna gowrulan et iýdirip oturan ekenler, maňa ýalandan hem hödür-kerem etmediler, bizden nämede göwünleri galdyka?!» diýdi. Men hem munuň sebäbini bileýin diýip, goňşularyma bardym we ötünç diläp: «Goňşy, göwün galarlyk bir kemçilik etdikmi? Aýalym toýludy, aş saýlaýady, eti görenden göwni et küýsäpdir, hödür-kerem edäýmänsiňiz welin...» diýip, hödür-kerem etmezliginiň sebäbini soradym. Şonda goňşym gözüne ýaş aýlap: «Goňşy, özüň bilýäň, meniň belli bir işim ýok, gündelik gazanjymy her gün iş gözläp, günlükçilik edip tapmaly bolýan. Üç günläp iş tapmadym, çagalara berere hiç zat galmady, çagalaryň üç günläp dişine zat degmedi. Düýn agşamara näme etjegimi bilmän gelýärkäm, görsem, kimdir biri bir haram ölen toklusyny ýabyň raýşyna oklap gidipdir. Men alaç tapman getirip, şony çagalaryma iýdirdim, bu gün aýalyň gelende şonuň üçin hödür-kerem edip bilmedim. Men özüm haram iýsemem, siz ýaly asly halal, iýenimiz aýra gitmeýän goňşyma haram zat iýdirmegi rowa görüp bilmen» diýdi. Men öýüme gelip, maşgalam bilen maslahatlaşyp, «Kyýamat gün goňşudan» diýipdirler, duldegşir goňşym aç otyrka, meniň munça harç edip, haja gitmegim dürs däl» diýip, haja gitmek üçin ýygnan ähli pulumy, golçasy bilen goňşyma getirip berdim. Belki, şu eden işim Hak dergähinde kabul bolup, hajym kabul bolandyr» diýýär. Beýik akyldaryň «Bir aja nan bermek hajdyr, ýaranlar» diýen setirinde, ine, şu rowaýat ýaňzydylýar.

«Bilgil, uzak gitmez aýy dostlugy,
Gahry gelse, depäň üzre daş döker»

Rahmanberdi GODAROW,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.