Sahawatly topragyň berekedi

6 Noýabr 2024
254

Ýurdumyzda oba hojalygy ösdürmek, ylmy esasda alyp barmak ugrunda edermen daýhanlarymyza giň mümkinçilikler döredilip berilýär. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan daýhanlarymyz oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirip Watan harmanyna bol hasyl tabşyrýarlar.

Edermen daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýan Hasyl toýy noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly ruhubelentlik bilen bellenip geçilýär. Dürli görnüşli sergiler guralýar we eziz Diýarymyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, şäherlerinde we obalarynda oba hojalyk işgärlerini hormatlamak çäreleri hem-de konsertler, sport ýaryşlary, beýleki medeni-köpçülikleýin dabaralar guralýar. Bu toýda Türkmenistanyň Agrar partiýasy we agzybir işgärleri hem guramaçylykly işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri, beýleki oba hojalyk hünärmenlerini baýramçylyk sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglaýar. Bu bolsa geljekde hem edermen daýhanlarymyzy tutanýerli zähmet çekip, ýylyň-ýylyna bol hasyl tabşyryp, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Ýusup ÝUSUBOW,
Arkadag şäheriniň Oba hojalyk müdirliginiň baş hünärmeni.