ÝAŇLANÝAN SAZLARYŇ HEŇI PYRAGY

10 Dekabr 2024
178

Magtymguly Pyragynyň ynsan üçin juda gymmatly we pähim-parasatly garaýyşlary, onuň umman ýaly giň we örän täsirli, many-mazmunly, çeper döredijiligi dünýä halklarynyň söýgüsine, hormat-sarpasyna mynasyp bolup, ýüreklerde uly orun eýeledi. Onuň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan, edebi çeper pikirleri, kämil garaýyşlary, çeper mazmun öwüşgini siňdirilen goşgulary türkmen halkynyň medeniýetine, aýratyn-da saz sungatyna öz täsirini ýetirdi.

Türkmeniň aýdym-saz sungatynda uly orun akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli bolup durýar. Halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň soňky II-III asyrdaky ösüşini Magtymgulusyz göz öňüne getirmek kyn. Pyragynyň şahyrana mirasyna türkmen bagşy-sazandalarynyň döredijiligine ser salmak bilen göz ýetirmek mümkin. Halk bagşylarynyň, professional aýdymçylaryň repertuarynyň agramly bölegi dananyň goşgularyna degişlidir. Biziň ýaşap geçen dutarçy bagşylarymyz: Magtymguly Garlyýew, Sahy Jepbarow, Gurt Ýakubow, Mäne Garaýew, Ýagşy Wellekow we Türkmenistanyň halk artisti Öwezgeldi Tekäýew hem-de Türkmenistanyň we Özbegistanyň at gazanan artisti Babamyrat Hamdamow ýaly ussat aýdymçy-sazandalaryň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden eserleri halkymyzyň toý-baýramlarynyň bezegi bolup durýar.

Astanogly BAÝRAMOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.