«Ýaşulular geňeş etse...»

12 Dekabr 2024
86

Öňňin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine, welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy.

Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, häzirki döwürde ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň dünýä nusgalyk işleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini belledi we ýygnananlary 2024-nji ýylyň üstünlikli jemlenmegi, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow häzirki döwürde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri, bu babatda öňde durýan wezipeler, olary üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary hakynda aýdyp, welaýatlaryň hormatly ýaşulularynyň ilat arasynda geçirýän wagyz-nesihatlary, baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi. Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň wekilleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýandygyny, bu işleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini nygtadylar. Şular ýaly il-ýurt bähbitli işleri halkymyzyň arasynda wagyz etmekde yhlasyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy «Hakyda göwheri» atly kitabynyň çapdan çykmagy, Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Milli Liderimiz many-mazmunly çykyşlary üçin hormatly ýaşululara minnetdarlyk bildirip, hemmelere ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, ýaşlary watansöýüji, arassa ahlakly nesiller edip ýetişdirmekde alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

«Arkadag»